Sepleriň elýeterliligi

Türkmen diliniň grammatikasy


Türkmen diliniň sözlügi

Türkmen diliniň sözlügi

Diliň arassa saklanmagy, onuň ýazuw kadalarynyň dogry berjaý edilmegi hakdaky mesele syýasatçylara degişli bolmasa-da, dil meselesi babatda sowet hökümetiniň ilkinji serdary Wladimir Iliç Lenin hem birnäçe sapar ýurduň intelligensiýa wekilleriniň öňünde çykyş edipdi.

Şeýle çykyşlaryň birnäçesini öz ýaşan hem hökmürowanlyk eden döwründe Garaşsyz Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow hem amala aşyrypdy hem-de öz gol astynda işleýänlere dili arassa saklamak we onuň kada-kanunlaryny dogry berjaý etmek barada buýruklar beripdi.

Galkynyş döwrüniň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem dil meselesi boýunça Türkmenistanyň intelligensiýa wekilleriniň öňünde birki sapar çykyş edip, diliň arassalygyny saklamak, onuň ýazuw kadalaryny berjaý etmek barada ýygnananlaryň dykgatyna birnäçe maslahat beriji tekliplerini ýetirdi.

Prezidentiň bu çykyşyna jogap edip, intelligensiýa wekilleri öz gazet-žurnallarynda seslenmeler çap etdiler hem-de öz işlerinde prezidentiň görkezmelerinden ugur aljakdyklaryna söz berdiler.

Emma söz bermek başga, iş başga. Sözi dil berýär. Ýöne şol berlen sözi berjaý etmek üçin adamda üşük, ukyp bolmaly, zehin bolmaly, aýdylýan, talap edilýän zadyň nämedigine düşünmeli, ony nähili berjaý etmelidigini bilmeli.

Elbetde, meniň mysal almakçy bolýan gazetim täze däl. Ol «Mugallymlar gazetiniň» öten ýylky sanlarynyň biri. Bu gazet meniň elime tötänden düşdi. Nädogry zat hakda gürrüň etmek üçin gazetiň haçan çap edilenliginiň parhy-da ýok. Mysaly şu günki gazetdenem alyp bolar, bir hepde öň çap edilen gazetdenem alyp bolar, bir ýyl öň çap edilen gazetdenem alyp bolar, esasy zat — ýalňyşyň niredeligini aýtmak.

Hat bilen, okuw bilen iş salyşýanlar ýalňyşan çaglarynda dogry ýol salgy almak üçin mysaly gazetlerden gözleýärler. Alymlardan soraýarlar. Şonuň üçin gazet işgärleri, alymlar mydama öz üstlerindäki jogapkärçiligi duýup durmaly bolýarlar, diliň grammatikasyny olar hemmelerden gowy bilmeli bolýar. Ýöne häzirki döwürde kadrlaryň nä derejede zaýalanandygyny, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda, mekdeplerde, gazetlerde işleýän adamlaryň düşünjesiniň nä derejede pesligini bilmek üçin biziň elimizdäki bir gazetiň bölegine nazar aýlamak hem ýeterlik.

«Mugallymlar gazeti»

«Mugallymlar gazetiniň» 2009-njy ýylyň 27-nji iýul sanynda «Basymyň orny barada» diýen bir makala çap edilipdir. Bu makalanyň awtorlarynyň biri alym, biri mekdep mugallymy, ýagny olar — Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň ylmy işgäri Amanmuhammet Nurmuhammedow bilen Magtymguly etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň mugallymy Maksat Gurbanow.

Awtorlar öz makalalarynyň başynda ýurt baştutanynyň dil baradaky görkezmelerinden ugur alyp, oňa iş bilen jogap berjekdiklerini aýdyp, bu ýazan makalalarynyň hem mekdep mugallymlaryna, okuwçydyr talyplara we gaýrylara peýdasynyň degjekdigini belleýärler. Awtorlar söz basymy hakda gürrüň etmek bilen, şeýle jümläni getirýärler: «Ahyrky däl boguny basymly sözler»...

Türkmen dilinde «Ahyrky däl bogun» diýen jümle ulanylýarmy? Grammatikadan başy çykýan adamlar-a bu jümläni okap, baş ýaýkasalar gerek. Türkmen dilinde hiç wagt «Ahyrky däl bogun» diýen jümle ulanylmaýar. «Başdaky, ortaky» diýen söz bar ahbeti. Eger aýdylýan gep ahyrky bogna degişli bolmasa, onda ony «Başdaky bogun, ortaky bogun, birinji, ikinji, üçünji bogun» diýibem ulanyp bolar.

Beterinden beterini ýazýarlar. Ýene şu, gürrüňi edilýän makalada şeýle sözler bar: «Sözüň ahyrky däl, bärki bogunlaryna-da basym düşüp bilýär».

Şu sözler bilen okuwçylara bogny düşündirmek üçin mugallym ýazýan sözüniň çep tarapynda durup gürlemeli bolýar. Eger mugallym ýazýan sözüniň sag tarapynda durup gürlese, «bärki bogun» diýende gürrüň sözüň soňky bogunlaryna degişli bolýar, eger gürrüňi sözüň başdaky bogunlaryna degişli etjek bolsaň, onda mugallym «bärki bogunlar» diýen çagy hökman klas tagtasyna ýazýan sözüniň çep tarapyna geçmeli bolýar. Ine, şeýle ýagdaýda mugallyma, okuwça grammatika öwredip bolarmy?

Bu makalada mundan başga-da ýalňyş kän. Olaryň hemmesini sanap çykmak mümkin däl. Ýöne käbirlerini agzap geçeliň.

«Ýene» diýen söz «at» diýlip alynýar. «Ýene» sözi hala degişli.

«Diýerçe» diýlen söz «diýerçä» diýlip, mysal alynýar. Ine, şeýle ýalňyşlyklar hem çagalara, talyplara öwredilse, geljek ýyllarda-da nähili kadrlar ýetişer?

Bu ýalňyşlyklary alym bilen mugallym bilmese-de, makalany geçiren žurnalist, gazetiň redaktory bilmeli dälmi?

Mekdep okuwçylary, talyplar hem örän sowatsyz gürleýärler. Çagalaryň arasynda «Nahar süýji bolmandyr» diýmegiň ýerine «Nahar süýji däl bolupdyr» diýip, ters gepleýänler köp. «Ol oglan gowy däl eken» diýmän, «Ol gowy däl oglan eken» diýýärler. Ýalňyş gürläp, üstesine-de dogry gürleýäniň gepini nädogry hasaplap, jedel edýärler, sebäbi olar öz aýdýan zatlaryny mugallymdan öwrenenmiş.

Çaga mugallyma örän uly sarpa goýýar. Çaga mugallymyň aýdýan zatlarynyň hemmesini dogry zatdyr öýdýär. Şeýle-de bolmaly. Ýöne mugallymyň, alymyň, žurnalistiň özi nämäniň dogry nämäniň ýalňyşdygyna düşünmeýän halatynda olardan öwrenjek bolýanlar näme etmeli? Ine, şu örän kyn mesele.

Çoluk Möwlamow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG