Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wezipe tagamy


Şiraly Nurmyrat
Şiraly Nurmyrat











«Bal süýjümi, baldan bala süýjümi»?
Bu sowalyň jogaby nagt, elbetde,
Ýöne, bu süýjüleň ikisindenem
Häkimiýet tagamy goýýa ezýetde.
Ynsaba haý diýmek açgöze päsgel,
Düşnükli, «bal tutan ýalar barmagyn»,
Segsen iki ýaşda doýmasaň eger,
Millet bes etmezmi boýun burmagyn?
Çydam etden geçip, süňke ýetende,
Nägile halk dynmak üçin keşbinden,
Seni it kowan dek kowmak islese,
Senem busup, çykmaz bolsaň köşgüňden,
Ahyr seni çykararlar güýç bilen,
Köşk beýlede dursun, ýurtdan çykarsyň!
Haraý gözläp, sorap gaçybatalga,
Gör, kimiň öňünde dyza çökersiň!
Otuz ýyllap dowam eden režimiň,
Aňryýany bilen ýeterlik dälmi?
«Ynsan hukugyny gorajak» diýen,
Bu günki çykyşyň çynlakaý pälmi?
Husnuň indi mübärek däl millete,
Tutyň aňyrsyndan jyklama köçä.
Derýa döndi aýal-gyzyň gözýaşy,
Ýüzüp şo derýadan del ýurda göçäý!..

Şiraly Nurmyrat Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG