Sepleriň elýeterliligi

BMG: Ban Ki-mun Belarusyň prezidentine çagyryş etdi


Sişenbe güni BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenkony, saýlawlardan soňra oppozisiýa gazaply daralandygy üçin, adam hukuklaryna hormat goýmaga çagyrdy.

Ban Ki-munuň metbugat wekili Farhan Hakyň aýtmagyna görä, “Baş sekretar “žurnalistlere, raýat jemgyýetiniň aktiwistlerine we oppozision kandidatlara azar berilýändigine we olaryň tussaglykda galýandygy baradaky habarlara aladalanýar”.

Mundan bir gün ozal ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça ýörite wekili Dunýa Mijatowiç Belarusyň hökümetini garaşsyz žurnalistleri we metbugaty gysmagyny bes etmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG