Sepleriň elýeterliligi

Owganystan we Eýran serhetaşyr ýük daşamakda ylalaşdy


Sişenbe güni Owganystan we Eýran özara serhetlerinden haryt daşamak boýunça Düşünişmek jarnamasyna gol goýdular.

Geçen aý Eýran Owganystanyň nebit tankerleriniň serhetden geçmegine böwet boldy.

Owganystanyň Maliýe ministrliginiň habaryna görä, iki tarap özara biznesi we söwdany ösdürmäge, serhetden haryt daşamaga ylalaşdylar.

Ministrlik iki ýurduň gümrük resmileriniň islendik dawalary çözmek üçin yzygiderli duşuşjakdygyny hem mälim etdi.
XS
SM
MD
LG