Sepleriň elýeterliligi

Ysraýylyň delegasiýasy Türkmenistana sapar edýär


Ysraýylyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Ýewropa we Ýewraziýa ýurtlary boýunça bölüminiň baş direktorynyň orunbasary Pinhas Awiwiniň ýolbaşçylygyndaky ysraýyl delegasiýasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşik geçirdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat edarasynyň berýän maglumatlaryna görä, taraplar özara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi boýunça ylalaşypdyrlar.

Bu saparyň dowamynda Ysraýylyň delegasiýasy Türkmenistanyň Oba-hojalyk ministrliginde hem duşuşyklar geçirdi.
XS
SM
MD
LG