Sepleriň elýeterliligi

Prezident Berdimuhamedow Lebap welaýatyna bardy


Çarşenbe güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen ýurduň Lebap welaýatyna bardy.

Prezident ir sagat 11-de Köýtendag etrabynda täze Garlyk şäherçesiniň düýbüni tutdy.

Täze şäherçäniň düýbüniň tutulyş dabarasyndan soň, günortan, prezident Amyderýanyň sag kenaryndaky öňki Dostluk, häzirki ady Beýik Türkmenbaşy etrabyna bardy.

Berdimuhamedow ol ýerde durky täzelenen magistral kanalynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Bular barada Azatlyk Radiosynyň Lebap welýatyndaky habarçysy Osman Hallyýew habar berýär.
XS
SM
MD
LG