Sepleriň elýeterliligi

Erdogan: “Mubarek has başgaçarak ädimleri etmeli”


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdoganyň aýtmagyna görä, Müsüriň prezidenti Hosni Mubarek häkimiýet çalşygyny amala aşyrmagyň deregine “has başgaçarak ädimleri etmeli”.

Premýer-ministr Erdogan bu barada çarşenbe güni Gyrgyzystana edýän saparynyň dowamynda aýtdy.

Sişenbe güni prezident Mubarek nobatdaky prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmajakdygyny, şeýle-de özüniň galan möhletinde häkimiýetiň parahatçylykly geçişini sazlamak üçin işlejekdigini aýtdy.

Hosni Mubaregiň prezidentlik möhleti şu ýylyň sentýabrynda tamamlanýar.
XS
SM
MD
LG