Sepleriň elýeterliligi

Medwedew Hodorkowskiniň işini seljermäge razylyk berdi


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew hukuk meseleleri boýunça ekspertlere tussaglykda saklanýan biznesmen Mihail Hodorkowskiniň işini seljermäge razylyk berdi.

Kremliň adam hukuklary boýunça ýokary derejeli maslahatçysy Mihail Fedotofyň aýtmagyna görä, bu pikir sişenbe güni prezident Medwedewiň özüniň adam hukuklary boýunça Geňeşi bilen ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçiren maslahatynda öňe sürlüpdir.

Fedotofyň bellemegine görä, ekspertler Hodorkowskä çykarlan höküme garşy çykman, diňe şuňa meňzeş ýagdaýlarda ýüz berýän sistemiki problemalary we hukuk kemçilikleri barada maslahat ederler.

Mundan ozal Orsýetiň öňki nebit läheňi Mihail Hodorkowskiý salgyt galplyklarynda aýyplanyp, sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Geçen ýylyň dekabrynda Hodorkowskä ogurlukda we hapa pullary ýuwmakda hem aýyplama bildirlip, ýene-de goşmaça alty ýyl türme tussaglygy berildi.
XS
SM
MD
LG