Sepleriň elýeterliligi

Pakistandaky partlamada dokuz adam öldi, 20-ä golaýy ýaralandy


Pakistanda dörän partlamada dokuz adamyň ölendigi we başga-da ýigrimi töweregi adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

Bu partlama Pakistanyň Peşewar şäheriniň etegindäki bazarda döredi.

Parlama şaýat bolan ýerli polisiýanyň wekili Şahgul Badşa şeýle gürrüň berdi: "Ulag ynha şu ugurdan gelýärdi. Haçan-da ol bu ýere ýetende, partlama boldy. Men derman satyn almaga gelipdim. Men güýçli partlamanyň sesini eşidenimde yzyma seretdim. Şonda men polisiýa merkezine ýetmän ýarylan ulagy gördüm. Bu partlama bazardaky ençeme adama zeper getirdi".
XS
SM
MD
LG