Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemeniň prezidenti indiki saýlawlarda öz kandidaturasyny goýmaz


Ýemeniň prezidenti Ali Abdullah Saleh ýurtdaky indiki prezidentlik saýlawlarynda öz kandidaturasyny goýmajakdygyny mälim etdi.

Ýemene 30 ýyl bäri baştutanlyk edip gelýän Salehiň prezidentlik möhleti 2013-nji ýylda tamamlanýar.

Şeýle-de Ali Abdullah Saleh hökümet baştutanlygyny öz ogluna geçirmejekdigini hem mälim etdi.

Prezident Saleh bu beýanatyny Ýemende planlaşdyrylan uly gerimli protestden bir gün öň etdi. Oppozisiýa penşenbe güni geçiriljek protesti “Gahar-gazap güni” diýip atlandyrýar.

Geçen hepde paýtagt Sanaada 16,000 töweregi ýemenli prezident Ali Abdullah Salehiň häkimiýetden gitmegini talap edip, protest geçiripdi.
XS
SM
MD
LG