Sepleriň elýeterliligi

Galyň — jebir-jepamy?


Ogul öýermek, öýe gelin getirmek türkmenlerde iň uly bagtly pursatlaryň biri hasaplanýar.

Ogul öýermek, öýe gelin getirmek türkmenlerde iň uly bagtly pursatlaryň biri hasaplanýar.

Adamzadyň durmuşynda iň bir ýatdan çykmajak wakalaryň biri saçagy giňden ýazyp, öz ýakynlaryň, dost-ýarlaryň bilen gapyňda toý tutmakdyr.

Bu, elbetde, Ýer ýüzündäki ähli milletleriň durmuşynda hem şeýle bolsa gerek. Toýlara her bir millet, her bir tire-taýpa özüçe öwüşgin berip, özüçe şatlyk-şagalaň goşýar.

Türkmen toýlarynyň ata-babalardan gelýän özboluşly däp-dessurlary bar. Türkmenler ogul öýermek, gyz çykarmak, doglan gün bellemek ýaly wakalar bilen bir hatarda täze jaýly bolmak, ogul çaganyň dünýä inmegi bilen bagly hem toý tutýarlar. Çagany sünnete ýatyrmak, galpak toýlary ýaly toýlar hem türkmenlerde gaty şagalaňly tutulýar.

Bagşy aýtdyrmak, göreş tutdurmak, at çapdyrmak, ýaglyga towusmak ýaly däp-dessurlar türkmen toýlarynyň gadymdan bäri bezegi bolup gelipdir.

Türkmenler ähli toýlary hem gowy görýärler. Ýöne ogul öýermek, öýe gelin getirmek türkmenlerde iň uly bagtly pursatlaryň biri hasaplanýar.

Adamzat durmuşynyň asyrlarboýy her hili ýaşaýyş ýagdaýyna görä üýtgäp, baý-garyp gatlagyň döremeginiň netijesinde tutulýan toýlar görnüşini üýtgedýär. Her maşgala toýy öz gurbunyň çatyşyna görä tutýar.

Elbetde, ogul öýermek bilen bagly gyz üçin berilýän galyň hem türkmeniň däp-dessurynda bolup, ol biziň günlerimize çenli dowam edip geldi. Galyň meselesi sebäpli, ogul öýermek üçin toý tutmak bolsa şu günki gün türkmen halkynyň iň bir agyryly meselesine öwrüldi.

Geçen asyryň 60-njy ýyllarynda “komsomol toýlary” adyny alyp, türkmen ojagynda stol bezemekden başlanan täzeçe toýlar öz möçberini ýuwaş-ýuwaşdan artdyrmak bilen, Türkmenistan Garaşsyzlygyny alýança dowam etdi. Soýuz dargap, Türkmenistan özbaşdak ýaşap başlansoň, komsomol-da ýitdi, toýlara «komsomol toýy» diýmek däbi-de.

Biziň günlerimizde toýy mahabatly restoranlarda, toý saçagyny boldan bezemek däbe öwrüldi. Soňky 10-15 ýylyň dowamynda şäherlerde, etrap merkezlerinde gurlan toý mekanlarynyň sany artyp, olaryň boş güni ýok diýsek ýalňyşmasak gerek. Hatda birnäçe aý öňünden nobata ýazylmasaň, gyssagara boş restoran ýa-da toý mekanyny tapaýmak aňsat düşmeýär.

Uly dabara bilen gymmat bahaly restoranlardyr, toý mekanlarynda tutulýan toýlar ilatyň hal-ýagdaýynyň düýpgöter özgerýändigini, medeniýetiniň ösýändigini görkezýär.

Möhüm sorag

«Tutulýan toýlar üçin edilýän harajatlar, gyz üçin berilýän galyň eýsem, şu günki gün her bir türkmen maşgalasy üçin elýeterlimi?» diýen sorag islesek-islemesek örboýuna galýar. Mahabatly toýlar, gyz üçin berilýän islendik möçberdäki galyň hemişe barjamly adamlardan çykýar.

Ýurduň sebitlerinde galyňyň möçberi dürli-dürli. Ol gelinlik üçin gerekli geýim-gejim, altyn şaý-sepleri öz içine almak bilen, häzirki wagtda 3 müň amerikan dollaryndan 7-8 müň amerikan dollaryna çenli baryp ýetýär.

Beýle däpleriň döremegine barjamly adamlar sebäp bolýar. Toý saçagyny bezemegi hem üstüne goşsaň, ogul öýermek üçin edilýän çykdajylar ummadan çykýar. Beýle harajady ýygnamaga halal zähmet bilen ýaşap ýören sada adamlaryň maşgalalarynyň güýji ýetmeýär. Şeýle-de bolsa, pukara maşgalalaryň ogullary hem barjamly adamlaryň yzyna eýermek isleýärler.

Ene-atalardan göwni bitmedik ýaşlarda kemsinmek ýüze çykýar. Çagalaryny kemsindirmejek bolup, käbir ene-atalar agyr bergä batýarlar. Netijede mahabatly tutulýan toýlar bilen galyň meselesi biziň durmuşymyza mäkäm ornaşyp barýar. Bu bolsa türkmenleriň aglabasynyň ojaklaryna agram salýar.

Dabaraly tutulýan toýlary günüň-güni synlap ýören ýaş ýigitlerdir gyzlar öz deň-duşlaryndan kem oturmajak bolýarlar. Netijede gün-güzeranyny zordan aýlaýan maşgalalar diňe bir ogul öýermek däl, eýsem, gyz çykarjak bolubam kyn güne galýarlar. Oglan tarapdan karz-kowal edilip, galyň hökmünde getirilýän puluň gyzyň toý harajadyna ýetmeýän wagtlary az bolmaýar.

Iki tarapyň hem bergä batmagy bilen, toýdan soň ýaşamak, iýip-içmek meselesi maşgalanyň kynçylyk çekmegine getirýär. Toýdan soň maşgalanyň ýeter-ýetmezçiligne çydam edip bilmän gaýyn öýüni terk edip gidýän gelinler hem az däl.

Şowhunly gelnalyjylarda 25-30 sany ýeňil maşynlaryň gelnalyja ugradylmagy bilen, ýaş ýigitleriň seresapsyzlygy sebäpli, pajygaly ýagdaýlaryň ýüze çykýan halatlary hem az däl.

Toý harajady diýen sebäp bilen türkmen ojagyna berk ornaşyp barýan galyň işsizlikden kösenýän hojalyklary barha çökerýär, ýaşlaryň aňyny zaýalaýar. Oba arçynlary, oba ýaşululary bolsa bu meselelere parhsyz garaýarlar.

Ýaşlaryň arasynda öwüt-ündew, ene-atalaryň arasynda galyňyň dürli taraplary barada düşündiriş işlerini alyp barmak ýaly meseleler häzirki türkmen jemgyýeti üçin möhüm bolsa gerek.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG