Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garlyk şäherçesiniň düýbi tutuldy


Berdimuhamedow Garlyk şäherçesini döretmek baradaky karara gol çekýär, 2-nji fewral.
Berdimuhamedow Garlyk şäherçesini döretmek baradaky karara gol çekýär, 2-nji fewral.

2-nji fewralda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda Garlyk şäherçesiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Täze düýbi tutulan şäherçede ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, häzirkizaman mekdepler, çagalar baglary, medeni we sport desgalary, şeýle hem sosial maksatly desgalaryň birnäçesi gurlar diýip, ýurduň mediasy habar berýär.

Ýerli ýaşulular prezidentiň sapary mahalynda, Lebap welaýaty, 2-nji fewral
Garlyk şäherçesiniň düýbüniň tutulyş dabarasynda Berdimuhamedow täze şäherçäniň Lebap welaýatyny ösdürmegiň berk binýadyna öwrüljekdigini aýratyn belledi.

Oba ýerlerini şäher tipine öwürmek syýasatyny ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow başlapdy. Ol Ahal welaýatynyň ozalky Aşgabat etrabynyň adyny Ruhabat diýip üýtgedip, bu ýerde düýpli gurluşyklara badalga beripdi hem-de Ruhabadyň beýleki etraplara nusga bolmalydygyny öňe sürüpdi. Emma bu iş ýurduň beýleki etraplarynda başa barmandy.

Ruhabat etrabynda, hususan-da, bu etrabyň çäginde ýerleşýän Gypjak şäherçesinde düýpli gurluşyklar amala aşyryldy. Nyýazowyň dogduk mekany bolan Gypjak obasyna döwlet tarapyndan uly serişdeleriň goýberilmegi netijesinde Ruhabat etraby ýurduň beýleki etraplaryndan ep-esli derejede saýlandy.

Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň prezidenti wezipesine saýlanandan soň, oba ýerlerini şäher tipine öwürmek syýasatyny Saparmyrat Nyýazowa garanyňda has giňişleýin alyp barmaga başlady. Onuň bu syýasaty ilki bilen prezidentiň dogduk obasy bolan Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda durmuşa geçirilip başlandy.

2007-nji ýylyň martynda Berdimuhamedow ýurduň iň bir çetinde ýerleşýän Esenguly etrabyna baryp, bu ýerde täze şäherçäni döretmek hakda karara gol çekdi. Şondan soň Lebap welaýatynda Döwletli, Mary welaýatynda Altyn sähra, Daşoguz welaýatynda Ruhubelent etrap merkezleriniň we häzirki zaman ilatly ýerleriniň döredilmegine badalga berildi.

2010-njy ýylyň jemlerine bagyşlanylyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Berdimuhamedow ýurduň ähli welaýatlaryna iş sapary bilen aýlanmakçydygyny habar beripdi.

Tutuş 2011-nji ýylyň dowamynda Berdimuhamedowyň ýurduň 65 etrabyna baryp görmegininiň meýilleşdirilýändigi habar berilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça» milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýylyň dowamynda ýurduň birnäçe etraplarynda döwlet tarapyndan maliýe serişdeleriniň goýberilmegi netijesinde desgalaryň gurluşygyna badalga beriljekdigi barada habar berilýär.

26-njy ýanwarda Baýramaly etrabynyň Üçajy şäherçesine bolan saparynda Berdimuhamedow bu ýerde 160 orunlyk täze çagalar bagynyň, 600 orunlyk mekdebiň, medeniýet öýüniň, dermanhananyň guruljakdygyny mälim edipdi.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG