Sepleriň elýeterliligi

Kairiň merkezinde atyşyk boldy


Kairiň Tahrir meýdançasynda Hosni Mubaregiň tarapdarlary we garşydaşlary çaknyşýarlar, 3-nji fewral, 2011-nji ýyl.

Kairiň Tahrir meýdançasynda Hosni Mubaregiň tarapdarlary we garşydaşlary çaknyşýarlar, 3-nji fewral, 2011-nji ýyl.

Şu gün irden Kairiň merkezinde atyşyk boldy. Ol prezident Hosni Mubaregiň tarapdarlarynyň we garşydaşlarynyň arasyndaky çaknyşyklar dowam edýän wagty ýüze çykdy.

Habarlara görä, Tahrir meýdançasynda hökümete garşy çykýan protestçileriň 3-si ölüpdir.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton Müsüriň wise-prezidenti Omar Süleýman bilen telefon arkaly gürleşdi. Klinton bidüzgünçiligi ýazgardy we onuň jogapkäriniň suda çekilmegine çagyrdy.

Çarşenbe güni prezident Mubaregiň tarapdarlary Tahrir meýdançasyndaky protestçilere hüjüm edende 3 adam öldi we azyndan 600-si ýaralandy.

Şol çaknyşyklar Mubaregiň tarapdarlary Tahrir meýdançasynda onuň wezipesinden gitmegini talap edýän protestçilere hüjüm edenden soň başlandy.

Protestçiler şol hüjümleri Içeri işler ministrliginiň gurnandygyny aýdýarlar. Emma Içeri işler ministrligi bu aýyplamany ret edýär.

Bu çaknyşyklar prezident Mubarek nobatdaky saýlawlara gatnaşmajakdygyny aýdandan bir gün soň boldy.

Müsüriň wise-prezidenti Omar Süleýmanyň çagyryşlaryna garamazdan, protestçiler meýdançany terk etmeýärler.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun çaknyşyklara alada bildirdi: “Men Müsürde dowam edýän bidüzgünçilikden biynjalyk bolýaryn. Men ýene-de bir gezek taraplary sowukganlylyga çagyrýaryn. Bu bolýan zatlar asla kabul ederlikli däldir. Asuda protestçilere garşy islendik hüjüm kabul ederliksizdir we men ony berk ýazgarýaryn”.

Müsüriň oppozisiýa lideri we Nobel baýragynyň eýesi Mohammed El-Baradeý ýurduň harby goşunyny Tahrir meýdançasyndaky bidüzgünçiligiň öňüni almaga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG