Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýanyň resmi wekilleri Türkmenistana bardy


Türkmen metbugatynyň habar bermegine görä, Germaniýanyň işewür adamlary türkmen bazaryndaky işlerini ösdürmek isleýärler.

Bu barada Germaniýanyň Ykdysadyýet we tehnologiýa ministrliginiň wekilleri bilen Aşgabatda bolan gepleşiklerde aýdyldy.

Olar söwda, ýangyç, transport we medisina pudagy boýunça hyzmatdaşlyk bilen gyzyklanýarlar.

Germaniýaly delegasiýa Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş, Demir ýol transporty, Oba hojalyk we beýleki ministrliklerinde gepleşikler geçirdiler.
XS
SM
MD
LG