Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama START boýunça tassyklanan dokumentlere gol goýdy


Çarşenbe güni ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama strategiki hüjüm ediji ýaraglary kemeltmek barada Orsýet bilen baglaşylan ylalaşygyň tassyklanan dokumentlerine gol goýdy.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew ol dokumentlere, Döwlet Duma we Federasiýa geňeşi tassyklandan soň, 26-njy ýanwarda gol goýupdy.

Şunlukda, bu ylalaşygy makullamak prosesi tamamlandy.

START diýlip atlandyrylýan bu ylalaşyk ABŞ-nyň we Orsýetiň wekilleri tassyklanan dokumentleri birek- birege gowşurandan soň güýje girer.

Dokmentleriň gowşurylyşy 6-8-nji fewral aralygynda Mýunhende geçiriljek howpsuzlyk konferensiýasy wagtynda bolar.

Ylalaşyga görä, taraplaryň ikisi hem ýadro ýaraglaryny takmynan üç esse kemelder.
XS
SM
MD
LG