Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Domino prosesi Siriýa täsir edermi?


Saud Arabystanynyň patyşasy Abdullah (sagda) Siriýanyň prezidenti Beşir Al-Assady garşylaýar, Riýad, 17-nji oktýabr, 2010-njy ýyl.
Saud Arabystanynyň patyşasy Abdullah (sagda) Siriýanyň prezidenti Beşir Al-Assady garşylaýar, Riýad, 17-nji oktýabr, 2010-njy ýyl.
Siriýanyň Günbataryň täsirinden we Birleşen Ştatlardan üzňe bolmagy hem-de Ysraýyl bilen arasynyň erbet bolmagy ony Ýakyn Gündogarda ýaýraýan gahar-gazap tolkunlarynyň arasynda näbelli orunda goýýar.

Siriýanyň Eýran bilen ýaranlygy we Amerika garşy tutumy bolsa ony Tunisden, Müsürden, Iordaniýadan, Ýemenden we beýleki arap ýurtlaryndan tapawutlandyrýar.

Emma bu Siriýanyň oppozisiýasyny prezident Beşir Al-Assadyň režimine garşy “gahar-gazap” protestini gurnamakdan saklamaýar. Syýasy toparlar “Facebook” we “Twitter” ýaly sosial setleri ulanyp, Damaskdaky we beýleki iri şäherlerdäki demonstrasiýalara gatnaşmak isleýänleri ýygnaýarlar. Şol demonstrasiýalar 4-nji we 5-nji fewralda geçiriler.

Goňşy Iordaniýanyň patyşasy Abdullahyň ýurduň hökümetini dargadandygy we Ýemeniň lideri Ali Abdullah Salehiň müsürli kärdeşi ýaly nobatdaky saýlawlarda bäsleşmejekdigini yglan edenligi üçin demokratiýanyň tarapdarlary prezident Beşir Al-Assadyň regiondaky domino prosesine goşuljakdygyna umyt edýärler. Çünki, edil goňşularyndaky ýaly, Siriýada hem garyplyk giň ýaýran, repressiýa bar, demokratiýa ýok we onuň lideri Beşir Al-Assad, 30 ýyllap häkimiýet başynda oturan atasy Hafez Al-Assad 2000-nji ýylda ölenden soňra, häkimiýeti miras aldy. Hosni Mubarek hem edil Hafez Assad ýaly ogly Gamaly mirasdüşer etmegi göz öňünde tutýardy.

Emma Londondaky ykdysadyýetler mekdebiniň Ýakyn Gündogar boýunça professory Fawaz Gergesiň pikiriçe, Siriýa Müsürden düýpgöter tapawutlanýar: “Birinjiden, Müsüre garanda, Siriýanyň jemgyýeti kiçi. Garyplygam az. Şonuň ýaly-da, Siriýa juda repressiw döwlet. Hut şonuň üçinde häzirki günlerde Siriýada, edil Tunisdäki we Müsürdäki ýaly sosial talaplary öňe sürýän haýsy-da bir proteste garaşmaýaryn”.

Diktatorlaryň özüne göwni ýetýär...


Siriýanyň prezidenti Beşir Al-Assadyň 31-nji ýanwarda “Wall Street Journal” neşirine aýtmagyna görä, Siriýa durnukly ýurt. “Näme üçin? Çünki sen halkyň ynançlaryny örän ýakyndan duýmaly. Bu möhüm zat. Haçanda sen halkdan uzakda bolsaň, uly problemalara garaşyber!”

Nadim Şehadi Londondaky ylmy-barlag Çatam öýüniň Ýakyn Gündogar we demirgazyk Amerika baradaky programmasynyň wekili. Onuň sözlerine görä bolsa, prezident Beşir Al-Assad goňşy döwletlerdäki protestlerden örän biynjalyk bolýar.

Nadim Şehadi: “Bu gürrüňsiz. Beşiriň protestleri inkär etmesi oňa mahsus zat. Ol beýle zatlar Siriýada bolmaz diýýär. Sebäbi Siriýa Amerika we Ysraýyla garşy durýan ýurt. Ol Müsürdäki we Tunisdäki protestler Amerika hem Ysraýyla garşy diýjek bolýar. Emma biz hiç mahal beýle alamatlary görmedik. Proteste çykan adamlar awtokrat režimler we azatlyk barada köp gürrüň edýärler” diýýär.

Gergesiň pikiriçe, prezident Beşir Al-Assad howpsuzlyk güýçleriniň gözegçilikdedigini aýtmaga çalyşýar: “Ol howpsuzlyk apparatynyň, hökümetiň we halkyň arasynda hiç bir oňşuksyzlygyň ýokdugyny örän aýdyň etdi. Beşiriň pikiriçe, halk onuň režimini legitim hasaplaýar. Emma bärde köp tapawut bar. Siriýa demokratik däl-de, awtoritar ýurt. Siriýanyň howpsuzlyk apparatynyň prezidenti, režimi goramak üçin elde baryny edip uruşjakdygyny aýdyp bilerin”.

Analitikleriň pikiriçe, Siriýanyň howpsuzlyk apparaty sowuk uruş döwründe Gündogar Germaniýa we Rumyniýa ýaly öňki kommunistik ýurtlarda döredilen aňtaw gulluklary kimin gazaply. Fawaz Gergesiň aýtmagyna görä, hut şonuň üçin-de Siriýada graždan jemgyýeti we oppozisiýanyň metbugaty ýok.

Nadim Şehadi Siriýadaky režimiň aňsatlyk bilen dargamagyna garaşmaly däl diýen pikir bilen ylalaşýar. Ýöne ol Siriýany Müsür däl-de, Saddam Huseýn döwründäki Yrak bilen deňeşdirýär.

Nadim Şehadiniň pikiriçe, 2003-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygynda Yraga çozup girilmegi we Saddamyň režiminiň ýykylmagy bilen baglanyşykly dowam edýän sarsgynlar Beşir Al-Assadyň birwagtlar güýçli hasaplanýan hökümetini agdaryp biler. “Ýöne munuň uzaga çekmegi ahmal”.
XS
SM
MD
LG