Sepleriň elýeterliligi

Global azyk harytlarynyň bahasy rekord derejä ýetdi


Birleşen Milletler Guramasynyň penşenbe güni ýaýradan hasabatyna görä, ýanwar aýynda global azyk harytlarynyň bahasy ýokarlanyp, rekord derejä ýetipdir.

BMG-niň Azyk we oba-hojalyk edarasynyň bellemegine görä, soňky ýedi aýyň dowamynda hasaba alnan azyk bahalary 1990-njy ýylda ýazgy başlanandan bäri iň ýokary derejä ýetipdir.

Bu görkeziji, 2007-2008-nji ýyllardaky azyk krizisi sebäpli, 2008-nji ýylyň iýun aýynda iň ýokary derejä ýetipdi.

Görkeziji unuň, ýagyň, süýt önümleriniň, etiň we şekeriň üýtgän bahalaryny hasaba aldy. Ol 230,7 bala deň boldy. 2008-nji ýylyň iýunynda ol 224,1 bala deň bolupdy.
XS
SM
MD
LG