Sepleriň elýeterliligi

Müsüriň dört sany öňki resmisine ýurtdan çykmak gadagan


Müsüriň hökümeti ýurtda dowam edýän bidüzgünçilikler üçin ötünç sorady. Şeýle-de hökümetiň dört sany öňki resmisine ýurtdan çykmak gadagan edildi.

Bu gadaganlyk olaryň Müsürdäki bidüzgünçiliklere gatnaşygy doly öwrenilýänçä dowam eder.

Protestçiler prezident Mubaregiň tarapdarlaryny we graždan eşigini geýnen polisiýa işgärlerini özlerine hüjüm etmekde aýypladylar.

Geçen gijäniň dowamynda prezident Mubaregiň tarapdarlarynyň we garşydaşlarynyň arasyndaky çaknyşyklarda azyndan bäş adamyň ölendigi habar berilýär.

Ýurduň premýer-ministri Ahmed Şafik bu bidüzgünçilikleriň arkasynda hökümetiň durmaýandygyny öňe sürdi.

Müsüriň harbylarynyň Hosni Mubaregiň tarapdarlarynyň we garşydaşlarynyň arasyndaky çaknyşyklary aralaşdyrmak üçin edýän tagallalaryna garamazdan, taraplar birek-birege entek hem daş zyňýarlar.
XS
SM
MD
LG