Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mubaregiň tarapdarlary protestçilere hüjüm etdiler


Çarşenbe güni prezident Hosni Mubaregiň tarapdarlary Tahrir meýdançasyna hüjüm edip, ol ýerdäki protestçileri dargatmaga synanyşdylar.

Müsürde garşydaş tarapdarlar çaknyşdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:07 0:00
Wideo: Garşydaş tarapdarlaryň arasyndaky çaknyşyklardan pursat

Müsüriň Saglyk ministrliginiň berýän maglumatlaryna görä, çaknyşyklarda alty adam ölüp, 836 adam ýaralanypdyr. Garaşsyz synçylaryň aýtmagyna görä, aslynda ölenleriň we ýaralananlaryň sany has köp bolmaly.

Prezident Mubaregiň tarapdarlarynyň pyçak we taýaklar bilen ýaraglanyp, protestçileri gorkuzmagy we olaryň ýüreklerine wehim salmagy maksat edinen bolmaklary ähtimal. Emma bu jebir-sütem protestçileriň töwekgelligini has-da berkidene meňzeýär. Müňlerçe adam çarşenbe güni özlerine ot açylmagyna we içi ýangyçly çüýşeleriň zyňylmagyna garamazdan, penşenbe güni ýene öz pozisiýalaryny berkitmek üçin Tahrir meýdançasyna ýygnandylar.

Çarşenbe günündäki tutluşykda heläk bolanlar meýdanyň edil ortasynda gana bulaşyp, serlip ýatyrdylar. Şeýle-de meýletin doktorlaryň olara kömek etjek bolşuny görüp bolýardy. Häzir bolsa protestçiler Mubaregiň tarapdarlarynyň bolup biljek nobatdaky hüjümine taýýarlyk görüp, meýdançanyň ähli künjeklerinde metal barrikadalaryny dikeltdiler. Şeýle-de ýanýollaryň asfaltyny söküp, olara zyňmak üçin daş üýşürýärler.

Penşenbe güni irden ýüze çykan käbir çaknyşyklarda ýurduň harby güýçleri iki tarapy aralamak maksady bilen dawa goşulyşdy. Bu bidüzgünçilikleriň öňüni almak üçin harbylaryň gönüden-göni eden ilkinji synanyşygydy. Öýle namazy wagty harbylar tanklary we esgerleri ortada düzüp, 80 metr töweregi boşluk zolagyny döretdiler. Bu boşlugyň bir tarapynda müňlerçe protestçi, beýleki tarapynda bolsa Mubaregiň ýüzlerçe tarapdarlary ýerleşdi.

“Biz hiç ýere gymyldamarys”

Fotosergi: 2-nji fewraldaky ýörişden we çaknyşyklardan pursat

General Hassan al-Rouwainynyň ýolbaşyçlygyndaky ýokary derejeli harby wekilçilikli topar ýagdaýlara syn etmek üçin Tahrir meýdançasyna geldi. Serkerdeler Mubarege garşy çykyş edýän protestçiler bilen söhbetdeş boldular. Adamlar dessine serkerdeleriň daşyna ýygnanyp: “Halk bilen harbylar el-ele” we “Biz hiç ýere gymyldamarys” diýen şygarlary aýdyp, gygyryşdylar.

15 minut çemesi wagt soň, general Rouwainy we onuň serkerdeleri meýdançanyň çetinde ýerleşýän Müsüriň müzeýinde gurnalan harby berkitmä dolandylar.

Geçen hepde ýurduň täze premýer-ministri wezipesine bellenilen Ahmed Şafik penşenbe güni ýurduň telewideniýesinde çykyş edip, bu ganly çaknyşmalar boýunça derňewiň geçiriljekdigini mälim etdi.

Müsüriň reformaçy oppozisiýa lideri we Nobel baýragynyň eýesi Mohammed El-Baradeý bu bidüzgünçilikleri gurnamakda we gönüden göni gatnaşmakda ýurduň polisiýasyny aýyplady. Ýöne Müsüriň Içeri işler ministrligi bu çaknyşyklara raýat eşigindäki polisiýa işgärleriniň gatnaşandygyny ret etdi.

Adam hukuklaryna gözegçilk edýän “Human Rights Watch” guramasy Müsüriň hökümetini çarşenbe günündäki çaknyşyklaryň öňüni almagy başarmandygy üçin “geleňsizilikden dörän jenaýatda” aýyplady.
XS
SM
MD
LG