Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG-niň Aşgabatdaky ilçisi işden aýryldymy ýa-da…


Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň diplomaty Arsim Zekolli

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň diplomaty Arsim Zekolli

Düýbi Wenada ýerleşýän «Türkmen inisiatiwasy» topary Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Türkmenistandaky ilçisi Arsim Zekolliniň ýolbaşçylyk edýän merkezinde turan oňşuksyzlyk zerarly işden aýrylandygyny ýazýar.

«Türkmenistanyň Hronikasy» internet saýtynyň tassyklamagyna görä, Aşgabatdaky merkeziň ýolbaşçysy Arsim Zekolli geçen ýylyň noýabrynda turan galmagal zerarly ÝHHG-niň Wenadaky baş edarasyna çagyrylyp, Türkmenistandaky işini wagtyndan öň togtatmaly edilipdir.

Noýabrdan bäri ýok

«Türkmen inisiatwasy» ilçiniň geçen noýabrda Wena çagyrlaly bäri Aşgabatda görünmändigini ýazýar. Emma ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň işgäri Azatlyk Radiosynyň bu aýdylýanlar barada beren soragyna «ilçiniň häzir dynç alyşdadygyny we soraglarymyzy işe çykanda onuň özüne berip biljekdigimizi» aýtmak bilen gysgaça jogap berdi.

«Türkmen inisiatiwasy» guramasynyň başlygy Farid Tuhbatullin özleriniň bu maglumata halkara gurluşlary arkaly hem tassyknama almagy başarandyklaryny, ÝHHG-niň Aşgabatdaky ilçisiniň formal ýagdaýda hakykatdan hem dynç alyşda hasaplanýandygyny, ýöne iki ýarym aýdan gowrak wagta çekýän dynç alşyň bolmaýandygyny aýdýar.

Tuhbatulliniň maglumatlaryna görä, ilçi Zekolli indi Aşgabada ilçi hökmünde dolanyp barmaz. Ol munuň sebäbini ÝHHG-niň hem Aşabatdaky, hem Wenadaky edarasynda turan galmagal bilen düşündirýär. Ýöne Tuhbatullin özlerine bu galmagalyň anyk sebäplerini anyklamagyň başartmandygyny boýun alýar hem iki çaklamany öňe sürýär. Ol çaklamalaryň biri ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň Türkmenistanda adam hukuklaryna gözegçilik etmezligi hem raýat jemgyýetleriniň wekilleriniň Wenadaky merkeze köp sanly arza-şikaýat ýazmaklary bilen bagly.

Tuhbatulliniň ikinji çaklamasyna görä, Aşgabatdaky merkeze iki ýyl mundan öň ilçi bellenen Arsim Zekolli ol ýerde özünden öň işläp ýören adamlar bilen oňuşmandyr.

ÝHHG-niň Wenadaky edarasynyň sözçüsiniň orunbasary Wirjinia Kolloudan Azatlyk Radiosynyň Arsim Zekolliniň Aşgabatdaky merkeziň ýolbaşçylygyndan boşadylandygy baradaky habarlar hakynda beren soragyna «Ilçi häzir dynç alyşda, ýöne ol Aşgabatdaky işini togtatmak kararyna geldi, ol wezipä başga adam gözlenýär» diýip, jogap berdi.

Adam hukuklary

ÝHHG-niň Aşgabatdaky ilçisi barada ýaýran habarlar resmi dilde nähili düşündirilse-de, Türkmenistandaky adam hukuklary meselesi indi halkara guramalarynyň resmilerini hem çynlakaý pikirlenmäge iterýän ýaly görünýär.

Adam hukularyna gözegçilik edýän “Human Rights Watch” guramasynyň golaýda çap edilen ýyllyk hasabatynda Türkmenistanda geçen ýyl hem öňki ýyllaryň repressiw usullaryna dolanmagyň dowam etdirilendigi, ÝHHG-niň we BMG-niň bolsa bu ýurduň içinde seminar geçirmek we tehniki kömek teklip etmekden başga suwytly bir iş edip bilmeýändigi aýdylýar.

Aşgabatda ýaşaýan raýat aktiwisti Natalýa Şabunsyň pikirine görä, BMG-niň we ÝHHG-niň ýerli wekilhanalarynyň doly hereketsizligi we gyra çekilmegi Türkmenistanyň nurbatlary has-da berkidip, ozalam az bolan hukuk giňişligini okgunly daraltmagyna ýol açýar.

Hukuk meselelerini öwrenýän aşgabatly žurnalist Aşyrguly Baýryýew ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ilki açylanda gowy işleri edendigini, şonuň üçin adamlaryň şol döwürde edilen gowulyklary henizem ýatlaýandyklaryny aýdýar.

Hukuk goraýjy F.Tuhbatulliniň pikirine görä, ÝHHG-niň Aşgabatdaky wekilhanasy indi diňe häkimiýetleriň rugsat berýän çäginde işleýär we resmi Aşgabat bu merkeziň ýurtda adam hukuklary, sosial pudak, ykdysady ýagdaý babatda gözegçilik etmegini islemeýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG