Sepleriň elýeterliligi

Amerikan delegasiýasy Türkmenistana sapar edýär


Türkmenistana ABŞ-nyň delegasiýasy sapar edýär. Oňa Smitson institutynyň Aziýanyň medeni taryhy boýunça maksatnamasynyň müdiri Pol Maýkl Teýlor ýolbaşçylyk edýär.

Amerikan delegasiýasynyň bu saparynyň maksady medeni-gumanitar ugurda özara jebis gatnaşyklary ýola goýmakdan we ösdürmekden ybarat.

Smitson institutynyň 19 sany ýörite muzeýleri we galareýalary, ylmy-barlag merkezleri, ylmy kitaphanalaryň sistemasy we Milli haýwanat bagy bar.

Penşenbe güni bu delegasiýa Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrliginde duşuşyk geçirdi.

Delegasiýa Golýazmalar institutynda, Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynda gepleşikler geçirýär.

Amerikaly delegasiýa iki günlük saparynyň dowamynda Şekillendiriş sungaty muzeýiniň spesialistleri bilen hem duşuşar.
XS
SM
MD
LG