Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Internetiň kesilmegi Müsüre 90 million dollarlyk zyýan ýetirdi


Penşenbe güni Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň beren habaryna görä, Müsüriň hökümetiniň Internet hyzmatlaryny kesmegi ýurda 90 million dollarlyk zyýan ýetiripdir.

Gurama kesilen aragatnaşyk we Internet hyzmatlary Müsüriň içerki önümçiliginiň 3 ýa-da 4 prosentini tutýar diýdi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň metbugat wekiliniň duýdurmagyna görä, uzagyndan bu zyýanyň juda köp bolup, daşary ýurtly kompaniýalar üçin Müsüriň has ygtybarsyz ýurt bolmagy mümkin.
XS
SM
MD
LG