Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanda aprel aýynda prezidentlik saýlawy geçiriler


Gazagystanda nobatdaky prezidentlik saýlawlary 3-nji aprelde geçiriler. Bu barada anna güni resmi “Kazahstanskaýa prawda” gazeti ýazdy.

Bu sene gazak prezidenti Nazarbaýewiň prezidentlik saýlawlaryny 2 ýyl çemesi wagtyndan öň geçirmäge eden çagyryşyndan soň yglan edildi.

Mundan öň ýurduň Konstitusion sudy Nazarbaýewiň möhletini uzaltmak barada referendum geçirmegi ýatyrypdy.

Analitikleriň pikiriçe, Nazarbaýewiň indiki möhlete ýeňjekdigi şübhesiz.

Nursoltan Nazarbaýew 1989-njy ýyldan bäri häkimiýetde.
XS
SM
MD
LG