Sepleriň elýeterliligi

Hameneýi arap protestleri “yslamyň oýanmagy” diýýär


Eýranyň ýokary ruhany lideri Ayatollah Ali Hameneýiniň aýtmagyna görä, arap döwletlerinde ýüze çykan protestler “yslamyň oýanmagy” bolup durýar.

Şeýle-de Ayatollah Ali Hameneýi bu protestleriň Eýrandaky 1979-njy ýyldaky rewolýusiýa çalymdaşdygyny aýtdy.

Hameneýi anna güni Eýranyň telewideniýesinde çykyş edip, häzirki protestleri arap dünýäsindäki “Yslamyň azatlyk hereketi” diýip atlandyrdy.

Şeýle-de ol Müsüriň we Tunisiň ilatyna öz dinleri ugrunda göreşmäge çagyryş etdi.

Mundan başga-da Hameneýi prezident Hosni Mubaregi Ysraýylyň we Birleşen Ştatlaryň “hyzmatçysy” diýip atlandyrdy.

Şeýle-de ol Ysraýyly göz öňünde tutup, Müsüriň harbylaryna “Sionist duşmana” üns bermäge çagyryş etdi.
XS
SM
MD
LG