Sepleriň elýeterliligi

MakKein Lukaşenkony “rehimsiz we gazaply zalym” diýip atlandyrdy


Birleşen Ştatlaryň senatory Jon MakKein Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenkony “taryhyň ýalňyş tarapynda” duran “rehimsiz we gazaply zalym” diýip atlandyrdy.

MakKeiniň bellemegine görä, häzir Ýakyn Gündogarda we Müsürde bolup geçýän wakalar öz raýatlarynyň hukuklaryna çäklendirme girizýän her bir hökümet üçin “berk sapak” bolmalydyr.

Senator Jon MakKein bu barada Litwada çykyş etdi. Şeýle-de ol Litwada belarusly studentler bilen hem duşuşdy.
XS
SM
MD
LG