Sepleriň elýeterliligi

Hususy mobil kompaniýalary peýda bolar


Ulag we aragatnaşyk pudaklaryna garaýan wise-premýer Nazarguly Şagulyýew hökümet maslahatynda, 4-nji fewral.

Ulag we aragatnaşyk pudaklaryna garaýan wise-premýer Nazarguly Şagulyýew hökümet maslahatynda, 4-nji fewral.

4-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ulag we aragatnaşyk pudaklaryna garaýan wise-premýer Nazarguly Şagulyýewe ýurtda döwlete degişli bolmadyk özbaşdak işleýän öýjükli aragatnaşyk kompaniýalarynyň geljekde azyndan üçüsiniň döredilmelidigi barada görkezme berdi.

Bu kompaniýalaryň dünýäniň belli aragatnaşyk kompaniýalary bilen bilelikde döredilmelidigi we onda türkmen kompaniýalarynyň paýynyň 50 göterimden köp bolmalydygy barada prezident wise-premýer N.Şagulyýewe beren görkezmesinde aýtdy.

Berdimuhamedow hökümet maslahatynda, 4-nji fewral.
Öz işini kadaly ýola goýýançalar kompaniýalara döwlet tarapyndan birbada zerur möçberlerde ýeňillikli karzlaryň beriljekdigini aýtmak bilen Berdimuhamedow Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky häzirki hereket edýän «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirýän kärhanany hem döwlete degişli däl kärhana öwürmelidigini aýtdy.

Prezidentiň görkezmesine laýyklykda, ýurtda täze dörediljek öýjükli aragatnaşyk kompaniýalarynyň atlarynyň ählisine milli atlar dakylar. Muňa mysal edip, Berdimuhamedow «Galkynyş» diýen ady milli at hökmünde getirdi.

Orsýediň MTS kompaniýasynyň geçen ýylyň 21-nji dekabryndan öz işini togtatmagy bilen, Türkmenistanda millionlarça adam mobil hyzmatyndan kösençlik çekip başlady. Ýurduň Aragatnaşyk ministrligine degişli bolan «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk kompaniýasy bolsa MTS-iň müşderilerini öz sim-kartalary bilen gerekli derejede üpjün etmekden ejiz gelipdi.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan MTS-e kompaniýanyň aksiýalarynyň 50 göterimden gowragynyň türkmen tarapynda bolmalydygy baradaky teklibiň bolandygy barada hem habar berilýär. Ýöne Orsýetiň mobil kompaniýasynyň bu teklipden boýun gaçyrmagy sebäpli, onuň Türkmenistandaky alyp barýan işi doly derejede togtadyldy.

Ýurduň prezidentiniň beren görkezmesine laýyklykda, täze döredilmeli döwlete degişli bolmadyk özbaşdak işleýän öýjükli aragatnaşyk kompaniýalaryna haýsy daşary ýurt kompaniýalarynyň ýardam etjekdigi heniz resmi belli edilmeýär.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG