Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fontanlar owadan, syýasat we ykdysadyýet nähili?


Professor F.Starr Aşgabatdaky suw fontanlarynyň gözelligi barada gürrüň berdi, emma ýurtda polisiýa güýçleriniň roly hakda berlen soraga anyk jogap bermekden saklandy.
Professor F.Starr Aşgabatdaky suw fontanlarynyň gözelligi barada gürrüň berdi, emma ýurtda polisiýa güýçleriniň roly hakda berlen soraga anyk jogap bermekden saklandy.

2-nji fewralda Waşingtonda ýerleşýän Johns Hopkins uniwersitetiniň Merkezi Aziýa we Kawkaz institutynda Türkmenistan barada forum geçirildi.


Bu forumda institutyň ýolbaşçysy professor Frederik Star ýakynda Türkmenistana eden sapary we bu saparyň özünde galdyran täsiri we ýurduň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklary hakda maglumat berdi.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanda bolanlygyny we şol saparynyň dowamynda esasan hem ýurduň bilim pudagy we bu ugurda alnyp barylýan işler bilen tanyşmaga pursat tapanlygyny bellän alym birinji gezek 1960-njy ýyllarda Maryda bolanlygyny ýatlatdy.

Binalaryň we fontanlaryň gözelligi

Bir sagatdan gowrak dowam eden çykyşynda professor Star Türkmenistanda gurlan uniwersitet binalarynyň, Aşgabatdaky suw fontanlarynyň gözelligi barada, şeýle-de ýurduň paýtagtyndaky Ylham seýilgähi hakda gürrüň berdi.

Professor Frederik Star türkmen mediasyna interwýu berýär, Nýu Ýork, sentýabr 2010-njy ýyl.
Professor çykyşynyň dowamynda “Şol seýilgähde heýkelleri dikilen adamlaryň arasynda diňe türkmenleriň däl, arap we pars äleminiň tanymal şahsyýetleriniň hem bolmagy mende oňyn täsir galdyrdy” diýdi.

Professor Frederik Star öz çykyşynyň dowamynda ýurduň syýasy, ykdysady we beýleki ugurlary boýunça giňişleýin maglumat bermedi we ýurtda polisiýa güýçleriniň roly hakda berlen soraga hem anyk jogap bermekden saklandy.

Forumyň çäginde Azatlyk Radiosy bilen geçiren ýörite gürrüňdeşliginde ol Türkmenistanyň prezidentiniň çakylygy boýunça onuň bilen geçen ýyl Nýu Yorkda duşuşanlygyny we bu duşuşygyň özünde pozitiw täsir galdyranlygyny belläp, şeýle diýdi: “Prezidentiň göz öňünde tutýan Türkmenistany we bu ýurduň dünýäde eýelemeli orny hakda öňe süren pikirleri mende gowy täsir galdyrdy. Ol daşary ýurtlar bilen gatnaşyga höwesli”.

Syýasat, metbugat we adam hukuklary

Geliň, häzirlikçe bu prosesiň nähili dowam edýänligine syn edip, häkimiýetlere üstünlik arzuw edeliň.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň içerki ýagdaýy barada alyp barýan syýasaty, adam hukuklarynyň, söz we metbugat azatlygynyň ýagdaýy hakda berlen soraga professor Star şeýle jogap berdi: “Bu, elbetde, ullakan mesele, emma olar meniň iş alyp barýan pudagyma degişli däl, men bilim, medeniýet we taryh bilen gyzyklanýaryn. Elbetde, siziň aýdýan meseleleriňiz möhüm we aşa uly özgerişlikler geçirilýän döwürlerde olaryň ähmiýeti has hem uly bolýar”.

Soňra ol sözüne şeýle dowam etdi: “Meniň pikirimçe, Türkmenistanyň hökümetiniň geljekde bu ugurda nähili pozisiýa eýelejekdigi anyk bolar. Men olaryň bu hili meseleler bilen gyzyklanjakdygyna ynanýaryn. Eger bilim pudagy hakyky manyda özgerýän bolsa, bu halkyň aň-düşünjesini giňeldýän bolsa, wagtyň geçmegi bilen bu ýagdaý tutuş ýurda öz täsirini ýetirer. Geliň, häzirlikçe bu prosesiň nähili dowam edýänligine syn edip, häkimiýetlere bu ugurda üstünlik arzuw edeliň”.

Saglyk sistemasy

Türkmenistanyň häzirki prezidentiniň esasanam bilim we saglyk pudagyna üns berýänligini bellän professor Star Gyrgyzystanda ýerleşýän Amerikan uniwersitetiniň türkmenistanly studentleriň käbirlerine okuwlaryny dowam etdirmäge rugsat edilmänligi baradaky soraga şeýle jogap berdi: “Men şol studentleriň okuwlaryny dowam etdirmek üçin Gyrgyzystana gitmeklerine rugsat berilmegini islärdim. Sebäbi men şol uniwersiteti we onuň näderejede çynlakaý okuw jaýydygyny gowy bilýärin. Emma, beýleki tarapdan, Türkmenistan 300 töweregi türkmenistanly studente Amerikada ýokary bilim almaga rugsat etdi. Onsoň men bu kiçijik problemanyň çakdanaşa çişirilmezliginiň tarapdary”.

Saglyk pudagynyň häzirki prezidentiň şol ugra ýolbaşçylyk edýän döwründe dargadylanlygy barada orta atylýan pikirler ýatladylanda, professor Star onuň ykdysady sebäpleriniň bolanlygyny we şol kynçylyklaryň diňe saglyk pudagyna däl, eýse beýleki ugurlara-da ýaramaz täsir ýetirenligini belledi.

Umyt ýaş nesilde


Professoryň aýtmagyna görä, häzirki döwürde 10 müň töweregi türkmenistanly student daşary ýurtlarda bilim alýar. Bu studentler diňe bilim almak bilen çäklenmän, dünýägaraýyşlaryny hem giňeldýärler, olar yzlaryna dolananda, öňki adamlar däl, belkem, başgaça pikirler bilen ýurda dolanarlar, bu-da ýurtdaky ýagdaýa öz pozitiw täsirini ýetirer diýip, John Hopkins Uniwersitetiniň professory we Merkezi Aziýa boýunça ekspert, professor Frederik Star aýtdy.

Professor Star sözüni şeýle jemledi: “Hut özüm hökümete degişli bolmadyk guramalaryň we syýasy garaýyşlary başgaça bolan toparlaryň ýurtda hereket etmegine has ulurak mümkinçiligiň döredilmeginiň tarapdary bolsam-da, men her halda sabyrly bolup, bu prosesiň dowam etmegine rugsat edilmegini goldaýaryn. Ýurduň içinde alnyp barylýan bu özgerişligiň häzirki ugry pozitiw we bu hereketiň ugry pozitiw bolmaklygyna galan halatynda men ony goldaryn”.
XS
SM
MD
LG