Sepleriň elýeterliligi

Hosni Mubarek öz ykdysady topary bilen duşuşdy


Prezident Hosni Mubarek şenbe güni, hökümete garşy protestleriň 12-nji gününde öz ykdysady komandasy bilen duşuşdy.

Habar gulluklary Müsürdäki syýasy krizisiň ýurda 25-nji ýanwarda başlanan gozgalaňlardan bäri 3,1 milliard amerikan dollary möçberinde zyýan ýetirendigini ýazýarlar.

Protestçiler paýtagtyň merkezindäki Tahrir meýdanynda galmaklaryny dowam etdirýärler, ýöne olar asuda.

Oppozisiýa liderleri protestleriň Mubärek işden çekilýänçä dowam etjegini aýdýarlar.

Emma şenbe güninden beýläk esasy protestler ikinji hem bäşinji günler geçiriler.

“Al-Jazeera” telekanaly özüniň Kairdäki ofisine hüjüm edilendigini aýdýar. Azatlyk Radiosynyň iki habarçysy anna gününden bäri Kairde tussaglykda saklanýardy. Olar şenbe güni giçlik goýberildiler.
XS
SM
MD
LG