Sepleriň elýeterliligi

Yragyň premýeri aýlygynyň ýarsyny yzyna gaýtarýar


Yragyň premýer-ministri Nury al-Maliki öz ýyllyk aýlygynyň ýarsyny hökümetiň gaznasyna gaýtaryp berjegini aýtdy.

Premýer-ministriň beýanatynda «şu aýdan başlap meniň aýlygymyň 50 prosenti kemeldiler» diýilýär.

Ol bu işi döwlet resmileriniň aýlyklarynyň aratapwudyny azaltmaga goşant hökmünde edýändigini aýdýar.

Şeýle-de ol munuň jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň ýaşaýyş standartlarynyň arasyndaky tapawudy kemeltmäge ýardam etjegini aýtdy.

Assoşeýted Presiň ýazmagyna görä, ol ýylda azyndan 360 müň amerikan dollaryny gazanýar diýip bilinýär.
XS
SM
MD
LG