Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda adam hukuklary boýunça maslahat geçirildi


Şenbe güni Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary institutynyň konferensiýa zalynda maslahat geçirildi.

Türkmen metbugaty Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça halkara borçlaryny üpjün etmek baradaky pudagara komissiýasynyň nobatdaky maslahatyna Mejlisiň, ministrlikleriň we kanun goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşandygyny ýazýar.

Maslahatda prezident G.Berdimuhamedowyň parlamentiň deputatlary bilen duşuşygyndan gelip çykýan wezipeler, kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şol sanda komissiýanyň geçen ýylky işiniň jemleri barada gürrüň edilipdir.
XS
SM
MD
LG