Sepleriň elýeterliligi

Aýly gije


Wideo: (Halkara Poeziýa Festiwaly, Medellin, Kolumbiýa), 2010, 8-17 iýul

Aýly gije. Ak tümlük.
Töwerek-daş ümsümlik.
Ýar bilen ýap boýunda
Ümür-dumana çümdük.

Bizi gorar bu gije,
Gorar bizi ak tümlük.
Gulak salma çybşylda,
Hiç kim ýog-a! Ümsümlik!

Bu maýsaly meýdanlar
Bize haly-kilimdir.
Gorkma, eneň gözlemez,
Ol eýýäm irkilendir!

Boýdaşlaryň derekler
Hatara düzülip dur.
Saňa meňzeş ýyldyzlaň
Gözleri süzülip dur...

Tisginme sen, ezizim,
Ol balyk suwda bökdi.
Ýa derekler biz hakda
Bir-birne çawuş çakdy!

Guş oýanyp, ganatyn
Batly kakandyr çenden?
Şemal gondy gamyşa,
Pyşyrdy çykýar şondan.

Eglenäý gyz ýene-de,
Şeýle az wagt geçipdir.
Täzeden suw alaýyn,
Bedräňe Aý gaçypdyr!

Ak Welsapar Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG