Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nowaýy, türkmenler hem türkmen topragy hakynda


Alyşir Nowaýynyň Ylham seýilgähindäki heýkeli, Aşgabat şäheri.
Alyşir Nowaýynyň Ylham seýilgähindäki heýkeli, Aşgabat şäheri.
Gündogary öwrenijiler Bertels, Bartold, Borozdin ýaly rus-sowet alymlary: “Alyşir Nowaýynyň döredijiligini öwrenmek tutuş türki hem pars dilli halklaryň medeniýetine, ylmyna, poeziýasyna akyl ýetirmek” diýip, baha beripdirler.

Nowaýynyň ömür-döredijiligi türkmenler hem-de türkmen topragy bilen berk baglanyşyklydyr. Mysal üçin, ol “Hamsa” eseriniň “Şirin-Perhat” dessanynda: «Köňül bermiş sözümge türk jan, ne ýalňyz türk, belki, türkmen hem» diýýär.

Bu ýerde Nowaýy beýleki türki halkaryň ählisini «türk» sözünde aňladan bolsa, türkmenleri olardan aýratyn, ýöne deň derejede ýatlaýar.

Döwlet şa Samarkandynyň, Handemriň tezkirelerinde Nowaýynyň Maryda öz hasabyna “Nyzamiýe” medresesini gurduranlygy maglumat berlip, şol medresede müňe ýakyn talyba üç ýüze golaý mugallymyň sapak berendigi aýdylýar.

Şahyr bir gazalynda “Merwiň gerdini, ýagny tozanyny gözüme sürme çekjek” diýip aýdan bolsa, başga bir bendinde şeýle ýazýar:

«Tä bakyp, Merwe sary baş uraýyn,
Başymny kuk manzirdan aşyraýyn».


Nowaýy näme üçin öýlenmändir?

Nowaýynyň bir gözele aşyk bolup, ony alyp bilmänligi sebäpli öýlenmändigi hakyndaky halk rowaýaty mälim, emma şahyryň söýen, soňra ahyny çeken gyzynyň türkmen gözelidigini welin köpler bilýän däl bolsa gerek. Nowaýy gazallarynyň birinde muny açyk boýun alýar:

“Manga bir türkmen mahwiş gamy mähkäm dolaşypdyr”.

Professor Nazar Gullaýew ynamdar çeşmelere salgylanyp, Soltansöýün bilen Nowaýynyň kakalarynyň dogan okaşandyklaryny, şol sebäpli bu iki ynsanyň hem biri-birini dogan hasaplandyklary hakda ýazypdy.

Bize mäneli Meretmuhammet aga Nowaýy hem Gülüň söýgüsi hakda şeýle rowaýaty aýdyp beripdi: Nowaýy hem merwli Gül biri-birini gowy görüpdir, ýöne bu gyza Soltansöýün hem aşyk bolýar we oňa öýlenýär, çünki Soltansöýün Nowaýydan dört ýaş uly eken. Nowaýy dosty hem dogany hasaplan Soltansöýüne özüniň-de Güli söýýändigini açyk duýduryp bilmeýär we şeýdip Gülden jyda düşýär. Şol zamanyň däbine görä, Gül hem Nowaýyny söýenligini hiç kime aýdyp bilmändir. Emma ol Soltansöýüne barandan soň, özüniň Nowaýa wepalydygyny subut etmek üçin awy içip, bu zatlary şahyra beýan edip, hat ýazyp, kyrk günden aradan çykypdyr.

Göýä bu rowaýaty tassyklaýan ýaly, Nowaýy söýgülisinden hijran hatyny alandygyny tassyklap, ýörite bir gazal ýazypdyr:

Aýralykda ýazan hatyn sakladym men jan era,
Bilmedim men ol hatmydyr ýa elipmi, ten era.
Eý, Nowaýy, bol hoşal, hat gelipdir söýgüliňden,
Çünki ol şatlykly hat ýazylypdyr hijran era.


Elbetde, Soltansöýün Güle öýlenen çagy heniz patyşa däl eken, ýöne halk rowaýatlarynda Soltansöýüniň patyşa bolandan soň, Güle öýlenendigi beýan edilýär.

Nowaýydan galan maglumatlar

Alyşir Nowaýy “Mejalesin nefaýys” tezkiresinde 489 şahyr hakynda maglumat beripdir, şolaryň deň ýarysyna golaýy türkmen topragynda ýaşan şahyrlardyr. Ol Ýakup soltan ýaly adamlar hakynda maglumat berende, onuň türkmendigini aýtmagy hem unutmandyr. Türkmen alymlarymyz Nowaýynyň agzalan tezkiresiniň üsti bilen onlarça türkmen şahyrynyň döredijiligini ylmy dolanyşyga girizdiler. Nowaýy bu tezkiresinde Abu Sahyt Mahneýiniň nesillerinden on bir adamyň döredijiligi hakynda gysgaça, ýöne örän gymmatly maglumat beripdir. Nowaýy meşhur piriň nesillerinden ýaşlykda özüniň bilim alandygyny-da aýdýar.

Nowaýynyň türkmenlere bolan hormaty

Gündogary öwreniji alym Bertels Muhammet Zahyreddin Baburyň “Baburnama“ tezkiresine salgylanyp, Nowaýynyň türkmenlere bolan hormaty hakynda şeýle täsin maglumaty getiripdir: şahyr Merwiň eteginden örän gymmat bahaly, bagly-bakjaly mülki satyn alypdyr. Şonda oňa dost-ýarlary “Halypa, sen Hyratdan has uzakdaky Merwiň eteginden örän gymmat mülk satyn alypsyň, şol pula Hyratdan ýa onuň eteginden hem ýer-mülk satyn alyp bilerdiň“ diýipdirler. Şonda Nowaýy olara: “Merwiň howasam, topragam janyma derman, adamlaram mähriban hem hoşgylaw“ diýip, jogap beripdir.

Nowaýynyň il içindäki sarpasy

Nowaýynyň döwürdeşleri ony örän gowy görüpdirler, onuň eserlerini söýüp okapdyrlar. Şonuň üçin akgoýunly türkmenler bilen gatnaşygy ýaramazlaşanda, Soltansöýün serhet ýakasyndaky Astrabad türkmenlerine 1487-nji ýylda Nowaýyny häkim edip iberýär. Nowaýynyň tagallasy bilen akgoýunly türkmenleriň patyşasy Ýakup soltan bilen Soltansöýüniň arasyndaky düşünişmezlik aradan aýrylypdyr.

Alyşir Nowaýy halypasy Abdyrahman Jamynyň gol çeken ýeke-täk golýazmasyny dosty Ýakup soltana sowgat beripdir. Akgoýunly türkmenleriň patyşasy Ýakup soltan 1491-nji ýylda aradan çykanda, şahyr: “Meniň mähriban dostum, älemiň adalatly soltanlarynyň biri aradan çykdy” diýip, oňa bagyşlap ýörite hijran goşgusyny—elegiýa ýazypdyr.

Nowaýynyň türkmen topragyny buýsanç bilen ýatlap, türkmenlere biparh bolmandygyny açyk duýsa bolýar. Ol türkmen topragynda ýaşan meşhur pirleriň tas ählisini ýatlap, olar hakynda maglumat beripdir. Nowaýy türkmen şiweleriniň käbiriniň halk döredijiligine degişli bolan “ýar-ýar” goşgy-aýdymlaryna çenli toplapdyr.

«Nowaýy ýoly»

Filologiýa ylymlarynyň doktory Rahman Rejebow Nowaýyny türkmen edebiýatynyň hem edebi diliniň easyny goýujylaryň biri hasaplap, bu beýik ynsany türkmen şahyry hasaplaýar. Ussat halypa, dessançy bagşymyz Gurt Ýakubow: "Türkmeniň aýdym-sazyndaky saryk-salyr ýoly, aslynda Nowaýy ýoly bolmaly" diýer eken. Dogrudanam, onuň şägirdi Döwlet şa Samarkandy ýaly tezkireçilerem Alyşir Nowaýynyň aýdym-sazdan ussatlarça baş çykarandygyny ýazýarlar.

Gündogary öwrenijiler Nowaýynyň bir agasynyň we daýysynyň hem bagşy bolandygyny tassyklaýarlar. Olar Nowaýynyň goşgularyny şol bada aýdyma öwrüpdirler. Ol aýdym-sazlar Nowaýy ýoly ady bilen Eýran-Turana ýaýrapdyr. Türkmenlerem Nowaýy ýolunyň aýdym-sazyna gaty muşdak ekenler. Türkmen aýdym-sazynda Nowaýy ýolunyň hem perdesiniň bolmagy meniň aýdanlaryma subutnamadyr.

Baky halypa

Türki halklaryň, galyberse hem, Gündogar dünýäsiniň beýik söz ussady Alyşir Nowaýynyň ömür-döredijiligi türkmenler üçinem nusgalyk. Nusgawy şahyrlarymyz bu beýik söz ussadyny öz halypalary hasaplapdyrlar, olara Nowaýynyň täsiri uly bolupdyr. Şonuň üçin menem Nowaýynyň dünýä inmeginiň 560 ýyllyk ýubileýini ýatlap, Nowaýy hakda söhbet etdim. Şeýle hem ady äleme dolan Nowaýynyň eserleriniň ýurdumyzda hem çap edilmegini arzuwlaýaryn.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG