Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý daşary ýurt guramalaryny ýiti tankyt edýär


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý daşary ýurt gumanitar guramalarynyň we hususy gorag firmalarynyň işini ýiti tanykt etdi.

Ol Mýunhende howpsuzlyk boýunça konferensiýada çykyş edip, olary “biri-birini gaýtalaýan gurluşlar” diýip atlandyrdy.

“Ýanaşyk gurluşlar Owganystanda ýurdy dolandyrmagy gowulandyrmakda goldaw bermek üçin, ýurda ýardam etmek üçin işlemeli. Gynansak-da, olaryň hakyky edýän işleriniň netijesi şol maksada ters gelýär. Olar Owganystanda häkimiýetiň pozisiýasyny pugtalandyrmaga päsgel berip, ýurdy dolandyrmagyň netijelililigini ýokarlandyrmaga badak salýarlar” diýip, Hamid Karzaý aýtdy.
XS
SM
MD
LG