Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Müsür meselesini maslahatlaşmagy üç ýurda teklip etdi


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň liderlerine iki hepde bäri protest aksiýalary dowam edýän Müsürdäki ýagdaýy bilelikde maslahatlaşmagy teklip etdi.

Prezident Obamanyň pozisiýasyny Ak Tam çap etdi. Ol Müsürde eglenmezden täze hökümet düzmäge parahatçylykly geçmäge tarapdar.

Täze hökümet Müsür halkynyň erk-islegini aňlatmaly hem oppozision güýçler bilen giň möçberli gepleşiklere başlamaly diýip, Obama hasap edýär.

Obama şeýle-de, žurnalistlere, adam hukuklaryny goraýjylara edilen hüjümlere alada bildirdi we bikanun tussag edilenleriň ählisini boşatmaga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG