Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda iki amerikan graždanyna sud edildi


Ýekşenbe güni Eýranda içalyçylykda aýyplanýan iki amerikan graždany sud edildi.

Üçünji aýyplanýan 500 müň dollar girew goýup, geçen ýylyň sentýabrynda Eýrany terk edipdi.

Sud ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilýär.

Ýapyk režimde geçirilen birinji sud mejlisi tamamlandy. Indiki mejlisiň bellenendigi barada häzirlikçe maglumat ýok.

Üç amerikan raýaty 2009-njy ýylda bikanun Eýrana girmekde, onuň yz ýany içalyçylykda aýyplandy.

Olar demirgazyk Yraga syýahat edip ýörkäler, tötänden Eýranyň territoriýasyna düşendiklerini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG