Sepleriň elýeterliligi

Tunisiň demirgazygynda iki adam ölüp, 17-si ýaralandy


Tunisiň demirgazygynda, El-Kef şäherinde polisiýa uçastogyna ýygnanyp, aksiýa gatnaşýanlara şäher polisiýa başlygynyň ot açmagy netijesinde bärsinden iki adam ölüp, 17-si ýaralandy.

Şäher polisiýa başlagynyň gulluk wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanyşyna protest bildirip, müň töweregi adamyň edaranyň öňüne ýygnanandygy, edarany daşlandyklary hem içi ýangyçly çüýşeler zyňandyklary IIM-niň maglumatynda bellenýär.

Prezident Ben Alini ýurtdan gaçyran köpçülikleýin tolgunyşyklardan bäri Tunisde ýagdaý dartgynly bolmagynda galýar.
XS
SM
MD
LG