Sepleriň elýeterliligi

Müsürdäki krizis ýurda $3,5 milliard zyýan ýetirdi


Prezident Hosni Mubaregiň iş başynda çekilmegini talap edýän protest aksiýalary başlanaly bäri Müsürdäki syýasy krizis ýurda 3,5 milliard dollar zyýan ýetirdi.

Oppozisiýa liderleri Mubarek häkimiýet başynda otursa, köpçülikleýin mitingleriň sişenbe, anna günleri geçiriljekdigini aýdýarlar.

Dolandyryjy Milli –demokratik partiýanyň düzüminde özgeriş bolup, Mubaregiň ogly Gamalyň wezipesini terk edendigi habar berilýär.

Anyklanan maglumata görä, prezident partiýadaky wezipesini özünde saklap galypdyr.
XS
SM
MD
LG