Sepleriň elýeterliligi

Rumyniýanyň kömür käninde bäş işçi heläk boldy


Rumyniýada ýurduň günorta-günbataryndaky Urikany kömür käninde bolan partlamada bäş işçi heläk boldy.

Kärhananyň ýolbaşçylarynyň maglumatynda elektrik enjamlary oturdylýarka partlamanyň bolandygy bellenýär. Wakanyň sebäpleri anyklanýar.

Urikany Rumyniýanyň iň uly kömür känleriniň biridir.
XS
SM
MD
LG