Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kameronyň çykyşyna musulman guramalar nägilelik bildirdi


Ýurtda köpmedeniýetlilik syýasatynyň şowsuz bolandygy barada premýer-ministr Deýwid Kameronyň çykyşyna Beýik Britaniýanyň 500 töweregi musulman guramasy nägilelik bildirdi.

Mýunhende howpsuzlyk boýunça konferensiýada çykyş edip, Kameron ekstremistik meýilleriň ösüşiniň öňüni almak maksady bilen musulman ýaşlarynyň medeniýete has çuň integrasiýasyny üpjün etmegiň zururdygyny belledi.

Bu sözleri Beýik Britaniýanyň öňki içeri işler ministri, Leýboristler partiýasynyň wekili Žek Stro ýiti tankyt etdi hem “edil beýleki britan raýatlary ýaly ýurtda ýaşaýan musulmanlaryň aglabasy terrorizme ýigrenç bilen garaýar” diýdi.
XS
SM
MD
LG