Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsürdäki tolgunyşyklar tutuş regiona täsir ýetirip biler


“Müsürdäki tolgunyşyklar tutuş regionyň durnuklylygyna täsir ýetirip biler” diýip, şenbe güni Mýunhende BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun aýtdy.

Baş sekretar Ýakyn Gündogardaky ýagdaýy parahatçylykly kadalaşdyrmak boýunça araçylar - ABŞ-nyň, Orsýetiň, BMG-niň we ÝB-niň wekilleriniň jemleýji duşuşygynda çykyş etdi.

Ol ysraýyllylar bilen palestinlileri ýaraşdyrmak prosessinde Hosni Mubaregiň esasy figuradygyny hem belledi.

Mundan öň ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň liderlerine Müsür meselesini maslahatlaşmagy teklip etdi.

Prezident Obamanyň pozisiýasyny Ak Tam çap etdi.

Obama şeýle-de, žurnalistlere, adam hukuklaryny goraýjylara edilen hüjümlere alada bildirdi hem bikanun tussag edilenleriň ählisini boşatmaga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG