Sepleriň elýeterliligi

Prokuratura, prokurorlar we kanun


Türkmenistanyň Konstitusiýasy

Türkmenistanyň Konstitusiýasy

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we "Prokuratura hakyndaky" kanunyna laýyklykda döwletde kanunçylygyň berjaý edilmegine gözegçilik ýurduň Baş prokuroryna we oňa tabyn prokurorlara tabşyrylandyr.

Prokuraturanyň borçlarydyr wezipeleri-de kanunlarda kesgitlenendir. Ýöne oňa ozalky hökümdar Nyýazow tarapyndan berlen bir hukuk olaryň çäginden çykýar diýip, hukuk meselelerini öwrenýän garaşsyz žurnalist Aşyrguly Baýryýew hasaplaýar. Azatlyk Radiosyndan Ýowşan Annagurban bu barada onuň bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Aşyrguly, kanunlaryň çäginden çykýar diýýän mümkinçiligiňiz hakynda düşündiriş beräýseňiz?

Aşyrguly Baýryýew: Mundan birnäçe ýyl ozal Türkmenistanyň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazow şol wagtky Baş prokuror Gurbanbibi Atajanowa Ministrler Kabinetiniň mejlisleriniň birinde günäkärlenýänleriň, iş kesilenleriň ellerinden alynýan mal-garalaryny, pul serişdelerini prokuraturanyň hasabyna geçiriberiň diýdi. Öňem, soňam Türkmenistanda prezidentiň sözi kanun saýylýar. Şeýlelikde döwlete ýetirilen maddy zyýanyň öwezine diýlip alnan mal-garalar Baş prokuraturanyň kömekçi hojalygyna, pul serişdeleri onuň bankda açylan hasabyna geçirildi. Olardan alnan awtoulaglar prokuratura we beýleki edaralara berildi. Hatda şeýlelikde alnan bir gymmat bahaly daşary ýurt awtoulagyny Baş prokuroryň adamsynyň sürüp gezendigi barada maglumatlar bar.

Azatlyk Radiosy: Bu gürrüňler köne saman agtarmak dälmi näme? Nyýazow dünýäsini täzeledi, ozalky baş prokuror türmede otyr...


Aşyrguly Baýryýew: Ýok, beýle däl. "Geçeni geçdi bil" diýip, bu bikanunçylygy unutmak bolmaz. Sebäbi bu mesele bilen ýüzbe-ýüz bolanlaryň tassyklamaklaryna görä, şeýle ýagdaý häzirem dowam edýär. Ýaňy-ýakynda golaý garyndaşyna sud edilip, döwlete uly mukdarda töleg tölemeli bolan bir tanşymyz şol puly Baş prokuraturanyň hasabyna geçirendigini aýtdy. Bu ýeke-täk mysal däl. "Sanasaň sogaby bar" diýleni.

Azatlyk Radiosy: Eýsem jenaýat jogapkärçiligine çekilýänleriň emlägini ellerinden almak kazyýetleriň hökümi bilen amala aşyrylmaýarmy?

Aşyrguly Baýryýew: Türkmenistanyň kanunlary olaryň emlägini tussag etmäge prokuratura hukuk berýär. Onsoň iş gozgalyp-gozgalmanka, prokuraturanyň, howpsuzlyk ministrliginiň sülçüleri öýleri döküp, emläkleri formal taýdan döwletiň haýryna alyp ugraýarlar. Sudlar hem ýerine ýetiriji häkimiýetlere garaşly bolansoňlar, esasan, prokuraturanyň diýeni bilen bolýarlar. Netijede, köplenç, olaryň sud edilýänleriň ellerinden alan emläkleri, pul serişdeleri prokuraturanyň, kä halatda bolsa içeri Işler ministrliginiň we ýörite gulluklaryň ygtyýaryna berilýär.Özem döwlete ýetirilen zyýan hökmünde kesgitlenen summany, puly kazyýetiň höküminden öň prokuraturanyň hasabyna geçirseň, şonça-da gowy diýýärler. Ýagny zyýanyň öwezini öňünden dolmak köp wagt geçmänkä günä geçişlige düşmäge kepil, mümkinçilik döredýär diýlip hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG