Sepleriň elýeterliligi

Ben Aliniň partiýasynyň ähli işi togtadylýar


Ýekşenbe güni Tunisiň içeri işler ministri Fahrat Rajhi ýakynda häkimiýetden çetleşdirilen prezident Ben Aliniň dolandyryjy partiýasynyň ähli işiniň togtadylýandygy barada karar çykardy.

Tunisiň resmi TAP habar agentligi içeri işler ministri Fahrat Rajhiniň ýurduň bu dolandyryjy partiýasyny doly dargytmaklygy-da göz öňünde tutýandygyny habar berdi.

Ýakynda, 14-nji ýanwarda Ben Aliniň ýurdy terk edip, Saud Arabystana gaçyp ataly bäri Tunisiň dolandyryşyny wagtlaýyn döredilen geçiş hökümeti amala aşyryp gelýär. Ýöne protestçiler häkimiýetiň düzümindäki ozalky resmileriň hemmesiniň döwlet dolandyryşyndan gitmeklerini talap edýärler.
XS
SM
MD
LG