Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: Azatlyk Radiosynyň žurnalistleri azatlyga goýberildi


Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Müsürde organ işgärleri tarapyndan tussag astyna alnan işgärleriniň ikisem düýn azatlyga goýberildi.

Radionyň işgärleri Robert Taýt bilen Abdelilah Nuaými 4-nji fewralda Müsüriň paýtagty Kaire baran batlaryna ýurduň polisiýasy tarapyndan tussag astyna alnypdylar.

Olar ýurtda dowam edýän syýasy protestler barada ýörite reportaž taýýarlamak maksady bilen Müsüre barypdylar.

Robert Taýt düýn elektron poçta arkaly ýollan gysgajyk hatynda özleriniň sag-aman Praga tarap ýola düşendiklerini habar berdi.

Şeýle hem, ol öz hatynda Müsüriň häkimiýetleriniň tussaglykdaky žurnalistlere adamkärçilikli çemeleşýändikleri barada her nähili beýanat ýaýradýandyklaryna garamazdan, özlerine asla adamkärçilikli çemeleşilmändigini belläpdir.
XS
SM
MD
LG