Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Assanjyň ekstradisiýasy boýunça diňlenişik geçirilýär


Şu gün Britaniýanyň sudy «WikiLeaks» saýtyny esaslandyryjy Julian Assanjy Şwesiýa ekstradisiýa etmelimi ýa etmeli däldigi barada maslahat edýär.

Bu mesele boýunça şu gün Londonyň günorta-gündogaryndaky Belmarş magistrat sudy diňlenişik geçirýär.

Birleşen Ştatlaryň gizlin diplomatik maglumatlarynyň ýüz müňlerçesini köpçülige aýan eden «WikiLeaks» saýtynyň eýesi Julian Assanj Şwesiýanyň häkimiýetleri tarapyndan aýal maşgala el gatanlykda aýyplanylýar.

Assanjyň özi bildirilýän bu aýyplamany «syýasy matlaplara esaslanýan aýyplama» diýip atlandyryp, ony ret edýär.
XS
SM
MD
LG