Sepleriň elýeterliligi

Müsürdäki protestler nebitiň bahasyna täsir edýär


Durnuksyzlyk baradaky pikirleriň özem nebit bahalarynyň galmagyna sebäp bolup bilýär.

Durnuksyzlyk baradaky pikirleriň özem nebit bahalarynyň galmagyna sebäp bolup bilýär.

Müsüriň paýtagty Kairdäki protestçileriň sanynyň köpelmegi nebitiň bahasynyň gymmatlamagyna getirdi.

Geçen hepde nebitiň bir barreliniň bahasy 100 dollara bardy. Bu görkeziji Müsürdäki protestleriň başlanan wagty bilen deňeşdirilende, bäş prosent ýokarydyr. Soňky iki ýylyň dowamynda nebitiň bahasynyň beýle ýokary galmagy ilkinji gezekdir.

Nebitiň bahasynyň ur-tut galmagynyň dünýäde nebitiniň çykarylşynyň azalandygy bilen baglanyşdyrmak nädogry hasaplanýar. Sebäbi Müsür nebit eksport edýän ýurt däl. Hakykatda ol Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň arasynda iň az nebit öndürýänleriniň biri. Müsür her gün 750,000 barrel töweregi nebit çykaryp, ony-da dolulygyna öz içki harajatlary ulanýar.

Eger-de şeýle bolsa, näme üçin nebitiň bahasy galdy diýen sorag ýüze çykaýar. Soragyň jogaby ýönekeý: bu Müsüriň dünýä kartasynda ýerleşýän möhüm pozisiýasyndadyr.

Bu barada has düşnükli edip, Ýakyn Gündogar syýasaty boýunça Waşington institutynyň agzasy Simon Henderson şeýle gürrüň berýär: "Bu onuň strategik pozisiýasy bilen bagly. Suez Kanaly Müsüriň üstünden geçýär, şeýle-de Gyzyl deňizden Orta Ýer deňzine çenli uzalýan möhüm nebit geçiriji bar. Şu sebäplem nebit bazarlarynyň bu ýerde nebitiň akymynda bökdençlik dörär diýen gorkusy bar. Häzire çenli nebit bazarlarynda nebitiň bahasynyň galmagyndan başga hiç zat bolmady. Bu-da olaryň muňa ätiýaçlyk bilen garamagynyň netijesidir”.

Häzire çenli Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky iň amatly gatnaw ýoly bolan Suez kanaly açyk. Britaniýanyň “Financial Times” gazetiniň habar bermegine görä, Müsüriň harby güýçleriniň ýolbaşçylygy Kanaldaky gatnawyň howpsuzlygyny üpjün etmegi öz üstüne alypdyr.

Berilýän maglumatlara görä, käbir kompaniýalar döräp biljek howpdan howatyrlanyp, öz ýüklerini has uzak marşrutyň üsti bilen - Afrikanyň daşyndan aýlap äkidilmegine görkezme beripdirler.

Şeýle-de Müsüriň harbylary Gyzyl deňizden Ortaýer deňzine çenli nebit geçirijisindäki howpsuzlygy hem güýçlendiripdirler. Pars aýlagyndaky döwletleriň Ýewropa akdyrýan nebitiniň agramly bölegi bu geçirijiniň üsti bilen äkidilýär. Bu turbageçirijiniň her günde 2,5 milion barrel nebiti ýollamaga mümkinçiligi bar.

Iň esasy howp

Emma Müsüriň geografiki taýdan möhüm ýerde ýerleşmegi nebitiň bahalarynyň galmagynyň ýeke-täk sebäbi däl. Iň esasy howp - bu Müsürdäki protestleriň esasy nebit eksportçylary bolan beýleki Arap döwletlerinde döräp bilmek ähtimallygydyr.

Kiprde ýerleşýän “Ýakyn Gündogaryň ykdysady syny” atly söwda žurnalynyň işgäri Dawid Knott bu barada Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: "Bärde näçe mukdarda nebitiň ýitjekdigi esasy mesele däl, mundan has möhümi, ol Müsürdäki protestleriň ýaýbaňlanmagydyr. Biz Tunisde häkimiýetiň synmagyna şaýat bolduk, indem Müsür bu ýagdaýa duçar boljaga meňzeýär. Beýle syýasy meseläniň ýaýbaňlanmagyndan uly howatyrlanma bar. Şeýle-de bu ýagdaýyň nebitiň üpjünçiligi we halkara ykdysadyýeti üçin has ulurak kynçylyk döretmegi mümkin.”

Häzire çenli arap döwletlerinde ýüze çykan protestler diňe nebiti eksport etmeýän ýurtlarda döredi. Bular Müsür, Iordaniýa we Ýemendir. Bu ýurtlaryň ählisinde ilatyň aglaba bölegi garyplykda we işsizlikde ýaşaýarlar. Şeýle-de bu ýurtlaryň halklary onlarça ýyllap awtokratik režimde dolandyrylyp gelindi. Emma şol sebitdäki nebiti esasy eksport edýän beýleki arap döwletlerinde, esasanam Pars aýlagyndaky döwletlerde ýagdaý başgaçarak. Bu döwletlerde-de häkimiýet başynda awtokratik režimler otyr, ýöne beýlekiler bilen deňeşdirilende, bularyň halky baý.

Her niçigem bolsa, käbir garaşylmadyk ýagdaýlar ýüze çykyp başlady. Mysal üçin, hiç hili protestler bolanok diýlip hasap edilýän Saud Arabystanynda geçen hepde Jadda şäherinde ýüzlerçe adam protest geçirdi. Olar soňky sil heläkçiligine garşy döwletiň ýeterlik iş geçirmeýändigi üçin närazylyklaryny bildirdiler. Bu protest gysga wagtyň dowamynda polisiýa tarapyndan basylyp ýatyryldy we onlarça protestçi tussag edildi.

Kairdäki dowam edýän protestler Pars aýlagy sebitindäki beýleki döwletlerde-de şeýle wakalaryň döremegine sebäp bolarmy ýa-da bolmazmy – muny häzirlikçe çaklamak mümkin däl. Şeýle-de bu protestler bolan ýagdaýynda-da, nebit ýataklaryna ýetirip biljek täsiri barada-da bir zat aýtmak kyn. Sebäbi nebit ýataklarynyň aglaba bölegi ilatly sebitlerden uzakda ýerleşýär. Şeýle-de täze hökümet häkimiýet başyna geçen halatynda-da olaryň girdejili nebit ýataklary barada nähili alada etjekdigi sorag astynda galýar.

Her niçigem bolsa, biziň geçen ýedi günüň dowamynda şaýat bolşumyz ýaly, durnuksyzlyk baradaky pikirleriň özem nebit bahalarynyň galmagyna sebäp bolup bilýär.
XS
SM
MD
LG