Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen metbugaty Müsüri agzanok


Arap ýurtlarynda dowam edýän protestler sebäpli awtoritar režimli ýurtlarda hatda “Müsür” diýen söz petiklendi.
Arap ýurtlarynda dowam edýän protestler sebäpli awtoritar režimli ýurtlarda hatda “Müsür” diýen söz petiklendi.
Arap ýurtlarynda dowam edýän protestler sebäpli awtoritar režimli ýurtlarda hatda “Müsür” diýen sözüň özi petiklenip, bu söz boýunça internetiň gözleg saýtlaryndan maglumat tapmak mümkin bolmaz ýaly edildi. Şeýle çäreleri gören ýurtlaryň arasynda Hytaý, Özbegistan ýaly döwletler bar.

Häzirki wagtda bütin dünýäniň üns merkezinde duran Müsürdäki demonstrasiýalar barada Türkmenistanyň metbugatynda düýpden habar berilmeýär. Muňa näme sebäp bolup biler? Bu barada Azatlyk Radiosyndan Altyn Amandurdy gyzy pikir soralyşyk geçirdi.

Amanmyrat Bugaýew, aşgabatly ýazyjy:

Ýazyjy Amanmyrat Bugaýew hem türkmen metbugatynda arap ýurtlarynda bolup geçýän wakalar barada, edil öňküsi ýaly, henizem hiç hili maglumat ýoklugyny aýdýar. Ol Türkmenistanda şeýle ýagdaýyň emele gelmeginde prezidentiň golaýyndaky ýaranjaňlaryň uly goşandynyň bardygyny öňe sürýär.

Andreý Grozin, Merkezi Aziýa boýunça ekspert:

Moskwadaky GDA döwletleri institutynyň Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy professor Andreý Grozin Türkmenistanyň özboluşly ýurtdugyny, bu ýurtda hökümet başynda oturanlaryň režime howp salyp biljek ýagdaýy duýan halatynda kirpi ýaly düýrülip, daşky dünýa öz tikeneklerini gezeýändigini belleýär.

“Dünýäde bolýan dürli protest demonstrasiýalary baradaky maglumatlar hiç haçanam häkimiýet başyndakylaryň göwnüne ýarap baranok” diýip, professor Grozin nygtaýar.

Täjigül Begmedowa, “Türkmen Helsinki” fondunyň ýolbaşçysy:

Begmedowa bilermen Groziniň pikiri bilen ylalşyp, türkmen häkimiýetleriniň erkin, azat metbugata ýol bermeýändigini, muňa, bir tarapdan, ýolbaşçy wezipeleri eýeleýänleriň derejesiniň pesliginiň sebäp bolýandygyny belleýär. Şeýle hem ol Türkmenistandaky režimiň asla aç-açanlyga tarap ugur almak isleginiň ýokdugyny aýdýar.

“Türkmen Helsinki” fondunyň ýolbaşçysy Täjigül Begmedowa şeýle hereketleri bilen türkmen häkimiýetleriniň ýurduň graždanlarynyň maglumat almak hak-hukuklaryny bozýandyklaryny nygtady. Şeýle hem ol ýurtda alnyp barylýan ideologiýa gabat gelmeýän maglumatlary köpçülige ýetirmezlik usulynyň diktatorlyk režimli ýurtlara mahsusdygyny belledi.

Begmedowa “Orsýet, Gazagystan ýaly awtoritar diýlip hasaplanýan ýurtlarda hem dünýäde bolup geçýän wakalar barada maglumat berilýändigini belledi.

“Türkmen Helsinki” fondunyň ýolbaşçysy Täjigül Begmedowa hakimiýet başyndakylar dünýäde bolup geçýän wakalary öz halkyndan näçe ýaşyrmaga synanyşsalar-da, şol wakalar baradaky maglumatlaryň häzirki wagtda barybir halka ýetýändigini aýdýar.

“Gaýtam erkin metbugata ýol berilmeýän ýurtlarda, graždan jemgyýeti ösmedik döwletlerde halk nägileligini hiç ýerde beýan edip bilmän, içinde ýygnaýar. Şeýle ýagdaýda bolsa, şol närazylygyň möçberi belli bir derejä ýetip, bir ýerden böwsüp çykýar. Muňa arap ýurtlarynda häzir bolup geçýän wakalar şaýatlyk edýär” diýip, Täjigül Begmedowa nygtaýar.
XS
SM
MD
LG