Sepleriň elýeterliligi

Bakuwda Mubaregiň heýkeliniň ýanynda demonstrasiýa geçirildi


Azerbaýjanly ýaş aktiwistleriň bir topary Müsürde prezident Hosni Mubarege garşy çykýan protestçilere raýdaşlyk bildirip, Bakuwda prezident Mubaregiň heýkeliniň ýanynda demonstrasiýa geçirdi.

Bu demonstrasiýada Azerbaýjanyň oppozision partiýalarynyň we garaşsyz ýaşlar guramalarynyň onlarça wekilleri diktatorçylyga garşy şygarlary gygyrdylar. Şeýle-de olar “Diktator git!” we “Ýok bol Hosni Mubarek!” ýaly ýazgyly plakatlary hem ulandylar.

Bu demonstrasiýa bir minut töweregi dowam edip, polisiýa geleninden soň dargady. Tussag edilen barmy ýa-da ýok - bu barada maglumat gowuşmady.

Prezident Hosni Mubaregiň heýkeli Bakuwyň etegindäki Müsür-Azerbaýjan dostluk seýilgähinde ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG