Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tokioda Kuril adalary boýunça ýöriş geçirildi


Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda dawaly Kuril adalaryny Orsýetiň yzyna bermegini talap edýän protestçileriň ýörişi geçirildi. 1,500 töweregi adam gatnaşan bu çärä Ýaponiýanyň premýer-ministri Naoto Kan ýolbaşçylyk etdi.

Bu ýörişde golaýda Orsýetiň käbir ýokary derejeli resmileriniň bu dawaly adalara barmagy hem ýazgaryldy.

Naoto Kan üç aý mundan ozal prezident Dmitriý Medwedewiň bu dawaly adalara barmagyny “bagyşlanmajak kemsitme” diýip häsiýetlendirdi.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bolsa, premýer-ministr Naoto Kanyň bu çykyşyny “diplomatiki däl” diýip atlandyrdy.

“Bu beýanat göz-görtele diplomatiki däldir. Bular geçen ýylyň güýzünde prezident Dmitriý Medwedew bilen premýer-ministr Naoto Kanyň Ýokogamidäki duşuşygynda görkezilen sypaýyçylykly we oňaýly tonallyga düýpgöter ters gelýär” diýip, Orsýetiň daşary işler ministri belledi.

Ikinji jahan urşundan soň Sowet soýuzy Ýaponiýanyň demirgazyk adalaryny basyp alypdy. Bu adalar boýunça Moskwanyň we Tokionyň arasyndaky ylalaşmazlyklar eýýäm köpden bäri dowam edip gelýär.
XS
SM
MD
LG