Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Kairiň Azatlyk meýdançasyndaky protestler dowam edýär


Müsür häkimiýetleriniň ýurtda iki hepde bäri dowam edýän protestleri togtatmak ugrunda edýän tagallalaryna garamazdan, müsürliler paýtgat Kairiň Tahrir, ýagny Azatlyk meýdançasyndan gitmeýärler.

Protestçiler prezident Hosni Mubaregiň tizden-tiz häkimiýetden çekilmegini talap edýärler.

Hökümet egilişiklere gitjekdigine, şol sanda konstitustion reformalary hem geçirjekdigine söz berdi. Emma bu çäreleriň gidişine gözegçilik etmegi üçin prezident Mubaregiň häkimiýet başynda galmalydygy nygtalýar.

Ýekşenbe güni hökümet käbir oppozisiýa toparlary, şol sanda kanunylaşdyrylmadyk “Musulman doganlary” bilen hem gepleşik geçirdi.

Gepleşiklerden soň oppozisiýa hökümetiň wadalarynyň ýeterlik däldigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG