Sepleriň elýeterliligi

Bişkek türk uçarlary arkaly öz raýatlaryny Müsürden çykarar


Türkiýe Gyrgyzystanyň raýatlarynyň Müsürden alnyp gaýdylmagy üçin Bişkege ýörite uçar kömegini berer. Bu barada duşenbe güni Bişkekde Gyrgyzystanyň içeri işler ministriniň orunbasary Nurlan Aitmurzaýew aýtdy.

Şeýle-de ol Gyrgyzystanyň Kairdaky ilçihanasy bilen bilelikde Müsürden gaýtmak isleýän gyrgyz raýatlarynyň sanawynyň üstünde işlenilýändigini belledi.

Nurlan Aitmurzaýewiň berýän maglumatlaryna laýyklykda, Müsürdäki 175 sany gyrgyz raýaty, şol sanda 37 çaga Gyrgyzystana dolanmak kararyna gelipdir.

Prezident Hosni Mubarege garşy protestler başlanaly bäri, dünýäniň ençeme döwleti Müsürden öz raýatlaryny çykardy.
XS
SM
MD
LG